Arhiw

Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar

11:0217.02.2023
0
60685

1. Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawriat, hünär taýýarlygy, magistratura, ordinatura we aspirantura maksatnamalary boýunça mugt bilim almak üçin resminamalary tabşyrmagyň möhleti türkmenistanly dalaşgärler üçin bir aýa golaý – 2023-nji ýylyň 20-nji martyna çenli uzaldyldy. RF-niň hökümetiniň bölüp beren orunlary boýunça bilim almak isleýän dalaşgärler «Daşary ýurtlular üçin Russiýa Federasiýasynda bilim» saýtynda hasaba alynmaly.

2. Moskwanyň «Wegas-siti holl» konsert zalynyň sahnasynda türkmen estrada ýyldyzlarynyň konserti üstünlikli geçirildi. Bu çykyşa Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar, dürli ýagdaýlar sebäpli Moskwada ýaşaýan asly türkmenistanly adamlar, şeýle hem GDA ýurtlarynyň diplomatik gulluklarynyň wekilleri tomaşa etmäge geldiler. Sahnada türkmen aýdymçysy Azat Dönmezowyň, halk saz gurallarynda sazlary ýerine ýetiriji Serdar Haýdarowyň we deprekçi-wirtuoz Atajan Eýýubowyň çykyşlary ýaňlandy.

3. Türkmenistanyň paýtagtyndan Türkiýäniň ýertitremeden ejir çeken sebitlerine Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň adyndan 1500 sany ýyly gyş ýorgany we 10 generator iberildi. 14-nji fewralda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy merkezi Kahramanmaraş şäheri bolan ýertitremede ejir çekenlere kömek ýygnamak çäresini başlady.

4. Eýran demirgazykda Türkmenistandan we Russiýadan gaz almaga hem-de islendik ugur boýunça günortadaky sarp edijilere eltmäge taýýardyr. Eýranyň Gaz inžiniringi we ösüş kompaniýasynyň direktory we müdiriýetiniň başlygy Reza Nowşadiniň bellemegine görä, «Gazproma» we «Türkmengaza» eýýäm resmi teklip berildi.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow Nurow Toýguly Allanurowiçi Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belledi. Ol bu wezipede Baýmyrat Annamämmedowyň ornuna geçdi.

Dünýäde

6. 2022-nji ýylda Moskwa 17,9 million syýahatçy geldi. Bu barada Russiýanyň paýtagtynyň häkimi (meri) Sergeý Sobýanin öz web sahypasynda gürrüň berdi. Ýolbaşçynyň bellemegine görä, 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, paýtagta gelýän myhmanlaryň sany 1 million adam artdy. Syýahatçylar köplenç Sankt-Peterburgdan, Krasnodar sebitinden, şeýle hem Wladimirsk, Tula we Nižegorod oblastlaryndan gelýärler.

7. Amerikaly milliarder Ilon Maskyň pikirine görä, adamzat üçin esasy howp emeli intellektdir. «Onuň ulanylyşynyň geljegi örän uludyr, ýöne ol uly howp hem döredýär» – diýip, Mask ýadro energiýasyny we atom ýaraglaryny mysal hökmünde aýtdy. Şeýle hem işewür emeli intellektiň ulanylmagy meselesinde adamzadyň çäklendirmeleri girizmelidigini aýtdy.

Sport habarlary

8. Türkmen boksçysy Ygtyýar Maşaripow russiýaly Sergeý Makedona garşy tutluşyk geçirer diýip, Russiýanyň Boks federasiýasynyň resmi saýty habar berýär. Iň ýokary orta agram derejesindäki başa-baş söweş 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Moskwada geçiriler. Göni ýaýlym «Match TW» teleýaýlymynda gurnalýar, tutluşyk Aşgabat wagty bilen sagat 19:55-de başlar.

9. Ýewropa Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň birinji duşuşygynda "Barselona" öz meýdançasynda «Mançester Ýunaýted» bilen deňme-deň oýnady. «Kamp Nou» stadionynda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy. Kataloniýalylaryň düzüminden Markos Alonso we Rafinýa pökgi geçirmegi başardylar. Myhmanlaryň peýdasyna bolsa Markus Reşford tapawutlandy, şeýle hem «Barselonanyň» goragçysy Žýul Kunde pökgini öz derwezesine girizdi. Bu jübüdiň jogap duşuşygy 23-nji fewralda «Old Traffordda» geçiriler.

10. Gyşky transfer möwsüminde «Merw» futbol topary alty sany täze oýunçy bilen şertnama baglaşdy. Maryly topar bilen goragçy Ambýar Mahmudow, ýarymgoragçylar Selim Ataýew, Babanyýaz Çaryýew, Meýlis Durdyýew hem-de hüjümçiler Musa Nurnazarow we Daýanç Durdyýew şertnama baglaşdylar. Geçen möwsüm Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri boýunça "Merwiň" futbolçylary bürünç medallara eýe boldular we AFK Kubogynda Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyny gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň