Soňky habarlar

Arhiw

«Matç TV» türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

22:0816.02.2023
0
49857

Russiýanyň boks duşuşyklaryny hem-de söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça tutluşyklary guraýan «Pravda Fighting Championship» promouşeni Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň üsti bilen türkmen türgeni Ihtiýar Maşaripowa çakylyk iberdi. Bu çakylyga seslenen boksçy 17-nji fewralda russiýaly Sergeý Makedon bilen ringe çykar.

Ýarym agyr agramda guraljak duşuşyk Moskwada «Pravda boxing» halkara ýaryşynyň çäginde guralar.

Daşoguzly 27 ýaşly boksçy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talybydyr. Ol geçen ýyl Türkmenistanyň kubogynda öz agram derejesinde bürünç medala mynasyp bolupdy.

Türkmenistanly sport janköýerlerini has tolgundyrjak ýagdaý bolsa Russiýanyň «Matç TV» sport teleýaýlymynyň bu agşamdaky ähli duşuşyklary göni ýaýlymda alyp görkezjekligidir. Göni ýaýlym Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar. Janköýerler bu ýaýlyma ýurdumyzda hereket edýän IPTV ulgamy arkaly tomaşa edip bilerler.

Boks agşamynyň esasy duşuşygy russiýaly Magomed Madiýew bilen argentinaly Emiliano Puçetyň arasynda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň