Soňky habarlar

Arhiw

«Barselona» bilen «Mançester Ýunaýtediň» arasyndaky deslapky oýun deň gutardy

08:4517.02.2023
0
27533

Ýewropa ligasynyň 1/6 final tapgyryndan orun alan deslapky duuşuşykda «Barselona» öz öýünde «Mançester Ýunaýted» bilen deň oýnady.

«Kamp Nou» stadionynda geçirilen oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlandy.

«Barselonanyň» gollary Alonsonyň we Rafinýanyň adyna ýazyldy. «Mançester Ýunaýtediň» düzüminde Reşford tapawutlandy, ýene bir goly bolsa ýer eýeleriniň goragçysy Kunde öz derwezesine ýollady.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny 23-nji fewralda «Old Trafford» stadionynda geçiriler.

Ýewropa ligasynyň 1/16 final tapgyrynyň deslapky oýunlarynyň netijeleri:

  • «Aýaks» — «Union Berlin» 0:0;
  • «Şahtýor» — «Renn» 2:1;
  • «Zalsburg» — «Roma» 1:0;
  • «Barselona» — «Mançester Ýunaýted» 2:2;
  • «Baýer» — «Monako» 2:3;
  • «Sewilýa» — «PSW» 3:0;
  • «Ýuwentus» — «Nant» 1:1;
  • «Sporting» — «Midtýulland».
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň