Arhiw

Mask emeli aňa adamzat üçin esasy howp hökmünde baha berdi

12:0616.02.2023
0
38444
Mask emeli aňa adamzat üçin esasy howp hökmünde baha berdi
Surat: ted.com

Emeli aň adamzat üçin esasy howp bolup durýar, şol bir wagtda onuň ägirt uly geljegi bar. Bu barada amerikaly işewür Ilon Mask Dubaýda geçen Bütindünýä hökümet sammitinde wideoaragatnaşyk arkaly çykyşynda aýtdy diýip, TASS ýazýar.

«Onuň oňyn taraplary, emma ýaramaz taraplary-da bar - diýip, Mask emeli aň barada berlen sowala beren jogabynda nygtady: - Onuň geljegi uly, emma ägirt uly howpa-da eýedir. Mysal üçin, ýadro energetikasyny alyp göreliň, biz ýadro energiýasyny-da öndürýäris, ýadro bombasyny-da ýasaýarys. Şonuň üçin emeli aň babatda-da seresap bolmagymyz, bu pudagy nähili hem bolsa, sazlaşdyrmagymyz gerek».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň