Russiýanyň paýtagtyna geçen ýyl 18 milliona golaý jahankeşde bardy diýip, şäheriň meri Sergeý Sobýanin habar berdi. Bu barada «Interfax.ru» ýazýar.
«2022-nji ýylda şäheriň myhmansöýerlik senagatynyň girdejisi 879,1 mlrd rubla deň boldy, bu bir ýyl öňdäkiden 22,7 göterim köpdür. Şäher býujetiniň girdejileri 120,4 mlrd rubl boldy» diýip, Sobýanin habar berdi.
Şunda jahankeşdeleriň sany 17,9 million adame ýetdi we 2021-nji ýyldakydan 1 million adam köpdür diýlip, habarda aýdylýar.
Habarda paýtagta gelýän jahankeşdeleriň düzüminde içerki jahankeşdeligiň 90 göterimi düzendigi, işewürlik jahankeşdeligiň görkezijileriniň artandygy bellenýär.
Lukmançylyk jahankeşdeligi öňki ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, iki esse artdy. Sobýanin şeýle-de medeni-tanyşlyk jahankeşdeligiň hem artýandygyny sözüniň üstüne goşdy.