Türkmenistan Türkiýä nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi

15:3716.02.2023
0
49652

Şu gün Türkmenistanyň paýtagtyndan Türkiýäniň ýer titremesinden ejir çeken sebitlerine 1500 sany galyň gyş ýorgany we 10 sany generator iberildi. Muny Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral «Twitter» sosial ulgamyndaky şahsy sahypasynda mälim etdi.

«Türkmenistandaky türk kompaniýalaryna, olaryň işgärlerine, raýatlarymyza, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigine şu gün THÝ uçuşy arkaly ýer titremesinde ejir çeken sebitlere iberen 1500 sany ýorgany we 10 generatory üçin minnetdarlygymy bildiresim gelýär» diýip, diplomat ýazýar.

14-nji fewralda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy Kahramanmaraşdan başlan ýer titremesinde ejir çekenlere ynsanperwer kömegini bermek kampaniýasyna başlady. «Anadolu» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, oňa 17-nji fewrala çenli goşant edilip bilner.

Ýatlap geçsek, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda ýedi baldan gowrak ululykda iki ýer titremesi boldy. Häzirki wagtda ýer titremesinde pida bolanlaryň sany 35,4 müň adamdan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň