QazaqGaz milli kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Sanžar Žarkeşow Türkmenistanda we Gazagystanda bilelikdäki geologiýa-gözleg işleriniň geljegi barada ADNOC kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohammed Al-Arýani bilen gepleşikleri geçirdi — diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
«Biz ADNOC bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini görýäris we bu ugurda bar bolan şol mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagyna taýýardygymyzy beýan edýäris. QazaqGaz açyk we bäsdeşlige ukyply şertleri hödürlemäge we geljegi uly bolan ýataklara elýeterliligi üpjün etmäge taýýardyr. Bu ädim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy bolup biler» – diýip, Sanžar Žarkeşow belledi.
2024-nji ýylda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana bolan resmi saparynyň dowamynda QazaqGaz we «Türkmengaz» arasynda gaz pudagyny ösdürmek barada strategik ylalaşyga gol çekildi.
QazaqGaz kompaniýasynyň meýilnamalaryna Türkmenistanyň gaz ýataklaryny, şol sanda «Galkynyş» uly gaz-nebit ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak işleri girýär.