Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda çaga welosipedleri öndürilip başlanar, Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy, Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler we beýleki habarlar

10:5811.01.2023
0
38490

1. 19-20-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler, onuň dowamynda işewürlik geňeşleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Çäräniň çäklerinde rus öndürijileri üçin «Russiýanyň söwda öýi» atly söwda-sergi meýdançasynyň dabaraly açylyşy meýilleşdirilýär. Forum Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda söwda-ykdysady we senagat hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

2. Türkmenistanda plastik önümleriniň öndürijisi hökmünde meşhurlyk gazanan «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn wagtda 3-5 ýaş aralygyndaky çagalar üçin welosipedleri öndürmegi meýilleşdirýär. Welosipedler «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen satuwa çykarylar.

3. Antalýada geçirilýän Aziýanyň parlament assambleýasynyň 13-nji plenar mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda 13-nji plenar mejlisiň çäklerinde düzümleýin pikir alyşmalaryň wajyplygyna üns çekildi, şeýle hem parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini has giň peýdalanmak nukdaýnazaryndan şeýle çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada bellenildi.

4. Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, «Roskosmos» Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Täze ýyl mynasybetli gutlady. Russiýaly kosmonawt Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2023-nji ýylda öňde goýlan ähli wezipeleriň ýerine ýetiriljekdigine we ösüşiň strategik maksatlaryna ýetiljekdigine ynam bildirdi.

5. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan Russiýadan unuň importyny geçen ýylka görä 4,5 esse artdyrdy, geçen ýyl bu görkeziji 43 müň tonna barabar bolupdy. Rus unyny import edijileriň öňdäki bäşligine Gruziýa, Yrak, Owganystan, Türkiýe döwletleri hem girýär.

6. Pakistanyň Kwetta şäheriniň ýaşaýjysy Sardar Jan Muhammed han Hilji altymyşynjy gezek kaka boldy. Ol bilimi boýunça lukman we hususy hassahana eýelik edýär. Onuň üç aýaly bar, emma dördünji aýala öýlenip, onuň hem özüne ýene birnäçe çaga dogurmagyny isleýär we dostlaryndan özüne nobatdaky gelinligi tapmaga kömek etmeklerini haýyş edýär. Onuň bellemegine görä, ol ilki ýüz çaganyň kakasy bolmak isleýärdi, emma pikirini üýtgetdi, çünki ýurtda ýaşaýyş-durmuş üçin zerurlyklaryň nyrhy örän ýokarlandy.

7. Özbegistan we Hytaý 2020-nji ýylyň fewralyndan bäri ilkinji gezek dowamly howa gatnawlaryny dikeltdiler. 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Özbegistanyň milli awiakompaniýasy «Uzbekistan Airways» Daşkentden Pekine we yzyna howa gatnawyny amala aşyrdy. «Uzbekistan Airways» ozal hem HHR-e göni howa gatnawlaryny amala aşyrýardy, emma olar ýolagçy gatnawy derejesine eýe däldi. Häzirki wagtda awiapetekler bir tarapa 597 ABŞ dollary nyrhy bilen satylýar.

8. «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmunyň gyzyklanmalaryna wekilçilik edýän futbol agenti Armand Durn futbolçynyň geljegi barada gürrüň berdi. «Anyk teklipler gelmedi. Käbir toparlar Serdara gyzyklanma bildirdiler, emma ol Lewerkuzende galýar». Serdar Azmun «Baýere» 2022-nji ýylyň ýanwarynyň aýagynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparynyň düzüminden geçipdi.

9. Madridiň «Realynyň» öňki oýunçysy we Uelsiň milli ýygyndysynyň kapitany Garet Beýl karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etdi. «Içgin we çuňňur pikirlenmelerden soň, men şu pursatda öz toparymdan we halkara futboldan gidýändigimi yglan etmek kararyna geldim. Men özümi örän bagtly hasaplaýaryn, çünki öz arzuwymy amala aşyrmagy we söýýän sportym bilen meşgullanmagy başardym» – diýip, futbolçy sosial ulgamdaky sahypasynda ýazgyny paýlaşdy.

10. 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji martyna çenli aralykda Russiýada «Aziýanyň çagalary» atly II gyşky Halkara sport oýunlary geçiriler. Gyşky oýunlaryň maksatnamasyna ilkinji gezek erkin typmak (fristaýl), konkide ýaryş sporty we kýorling boýunça bäsleşikler girizildi. Mundan başga-da, garda woleýbol we kibersport boýunça görkezme çykyşlary hem-de bäsleşikleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň