Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan rus ununy import edýän ilkinji 5-lige girdi

13:5510.01.2023
0
45978

2022-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan Russiýadan import edilýän unuň möçberini öňki ýyl bilen deňeşdirilende 4,5 esse ýokarlandyrdy we takmynan 43 müň tonna deň boldy. Bu barada «Виртуальная таможня» habar berýär.

Rus ununy iň köp import edýän 5 ýurduň hataryna Gruziýa (202 müň tonna), Yrak (158 müň tonna), Owganystan (131 müň tonna), Türkiýe (78 müň tonna) girýär.

Çeşme 2022-nji ýylda rus ununyň ilkinji gezek Müsüre, Uganda, Senegala we Şri-Lanka iberilendigini belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň