Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Azmunyň agenti onuň geljegi barada maglumat berdi

21:3710.01.2023
0
58527

Futbol agenti Armand Durn «Baýeriň» hüjümçisi Serdar Azmunyň geljegi barada habar berdi.

«Häzir kesgitli teklip ýok. Dogry, käbir klublar Serdar bilen gyzyklanýar, ýöne ol Liwerkuzende galar» diýip, Azmunyň menejeriniň aýdanlaryny «RB Sport» neşiri getirdi.

Serdar Azmun «Baýere» mundan bir ýyl ozal goşylypdy. Eýranly türkmen nemes toparynda heniz çenli 22 duşuşyk geçirip, olarda bir gezek tapawutlandy we üç goluň assistini berdi.

Azmunyň «Baýerde» isleýşi ýaly wagt alyp bilmeýändigini hem aýtmak gerek. Toparyň tälimçiler düzümi çehiýaly hüjümçi Patrik Şike has köp mümkinçilik berýärler.

Bundesliganyň yzda galan 15 tapgyrynda 18 utuk toplap bilen «Baýer» ýaryş tertibinde 12-nji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň