Soňky habarlar

Arhiw

Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:1610.01.2023
0
33868
Gülşat Mämmedowa Türkiýäniň Parlamentiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Surat: TBMM

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Antaliýada geçirilýän Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň 13-nji umumy mejlisiniň çäginde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy.

Duşuşykda Mustafa Şentop Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň umumy taryhy, dili, dini we medeniýeti bolan iki doganlyk ýurtdugyny belledi. Şeýle hem ol soňky döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine has-da güýçli itergi berlendigini aýtdy.

Parlamentara gatnaşyklaryň iki halkyň arasyndaky ýaly ýakyn bolmalydygyny aýtdy. Şeýle hem, köptaraplaýyn platformalarda, şol sanda Türki döwletleriň Mejlisleriniň Assamblaýasynyň çäklerinde (TÜRKPA) parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň