Türkmenistanda körpeler üçin ilkinji welosipedler öndürilip başlanar

16:5110.01.2023
0
48555

Önümçiliginiň gerimini barha giňeldýän «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti ýakyn geljekde çagalar üçin tigirleri hem-de polipropilenden oturgyçlary öndürip başlamagy göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Çagalar üçin tigirler 3-5 ýaşly körpejelere niýetlenilip, «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen ilata hödürlener.

«Türkmen şöhle» HJ plastik önümleriň önümçiligi bilen tanalýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhanada plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň önümi bolan döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy kärhanada aýda ençeme tonna çenli önüm öndürmäge mümkinçilik döretdi.

Kompaniýa ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýupdy. Bu önüm rulon görnüşinde bolup, onuň ini 1 metre deňdir. Uzynlygy sargytlara görä öndürilýär. Gurluşykda peýdalanylýan laminatyň düşegi jaýyň içine çyg, sowuk geçirmeýär. «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarda hem uly isleg bildirilýär. Bu önümler Russiýa, Gazagystana we Belarus Respublikasyna eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň