Elli iki ýaşly pakistanly 60-njy gezek ata boldy we ýene perzent isleýär

11:0310.01.2023
0
37134
Elli iki ýaşly pakistanly 60-njy gezek ata boldy we ýene perzent isleýär
Surat: pipanews.com

Elli iki ýaşly pakistanly Sardar Jan Muhammed Han Hilji 60-njy gezek kaka boldy, öz aýtmagyna görä, ol ýene perzent isleýär diýip, «BBC News» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Surat: pipanews.com

Ýurduň Kwetta şäheriniň ýaşaýjysy žurnalistlere üç aýalynyň bardygyny gürrüň berdi. Ol täze doglan perzendine Hoşal diýip at dakypdyr. Ol mirasdüşerleriniň sanyny köpeltmek üçin ýene öýlenmekçi. Ol şeýle uly maşgalany ekläp biljekdigine birjigem ikirjiňlenmeýär hem-de «Men ähli dostlarymdan öýlenmek üçin gelinlik tapmagy haýyş edýärin, dördünji gezek nika baglaşmakçy» diýýär.

Mundan ýedi ýyl öň Sardar 100 çagasynyň bolmagyny arzuw edýändigini, emma soňky döwürde olaryň sanyny azaldandygyny boýun aldy. Muňa bolsa, güzeran aýlamagyň barha kynlaşýandygy sebäp boldy. Sardar käri boýunça lukman, öz hassahanasy bar, oňat girdeji-de getirýär. Emma onuň gazanjy indi agyr maşgalasyny eklemäge zordan ýetýär diýip, neşir ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň