Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan hytaýly lokomotiw öndüriji bilen rekord derejede şertnama baglaşdy, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek işleri boýunça potratçy kesgitlendi, Türkmenistanyň Merkezi banky 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň maglumatlary

11:0010.01.2023
0
33776

1. Türkmenistan hytaý lokomotiwleri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça öndüriji kompaniýa bilen ABŞ-niň 30 million dollaryndan gowrak möçberde şertnama baglaşdy. Munuň Türkmenistan bilen «Ziyang» kompaniýasynyň arasynda gol çekilen iň iri şertnamadygyny bellemek gerek.

2. «Türkmen atlary» döwlet birleşigine Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada «Röwşen» hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.

3. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli berlen bank kartlarynyň sany 5 million 177 müňden gowrak boldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda 2 müň 144 bankomat we 42 müň 131 bank töleg terminaly hereket edýär. «Internet bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 932 müň 730 adama, «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryňky bolsa – 60 müň 654 adama ýetdi.

4. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» oýnunyň ikinji möwsüminiň ikinji oýny geçiriler we ol Gadymy Hytaý medeniýetine bagyşlanar. Ozalky oýnuň Gadymy Margiana we Parfiýa patyşalygyna bagyşlanandygyny bellemek gerek. Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly zehin bäsleşiginiň esaslandyryjysy we guraýjysy hökmünde Türkmenistanyň DIM-niň institututy.

5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy TMCELL aragatnaşyk operatorynyň abonentlerine SMS-habarnamalary arkaly gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajyplygy hakynda habar berdi. Öýüňizden we iş ýeriňizden gitmezden öň gaz we elektrik enjamlaryny öçürmegi ýatdan çykarmazlygy gulluk ýatladýar. Öňümizdäki hepde Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary sowuk howa garaşylýar, howanyň ortaça temperaturasy käbir ýerlerde adatdakysyndan 10-16 gradus pes bolar.

6. Iň köp möçberde alakalar ýaşaýan şäherler ýüze çykaryldy. Ynamly birinji orny Çikago şäheri saklaýar, ikinji orunda – Los-Anjeles barýar. Öňdäki üçlügi London tamamlaýar. Dördünji orny Pariž eýeleýär, bu ýerde alakalar islendik zibil atylýan ýerlerde ýa-da derwezeleriň düýbündäki yşgalaňlarda duş gelýärler. Hindistanyň Deşnok şäherinde alakalar ýok edilmän, tersine – ählitaraplaýyn gowy görülýär we iýmitlendirilýär. Alaka bu ýerde mukaddes jandar hökmünde hormatlanýar, Karni Mata ybadathanasynda bolsa 20 müňe golaý alaka örän rahat durmuşda ýaşaýarlar.

7. Barnaulyň ýaşaýjysy öz öýünde abatlaýyş işlerine taýýarlyk görüp, şkafyny tertipleşdirýärkä 90-njy ýyllarda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda örän meşhur bolan «Turbo» sakgyjynyň içinden çykýan şekilleriň toplumyna duş gelipdir. Ol tapan toplumyny «Awito» arkaly satuwa çykaryp, ilkinji goýlan bahasyndan dört esse köp pul gazanypdyr. Toplumda 350-den gowrak şekil bar eken. «Turbo» sakgyjy tagamyna görä, gymmat bahaly ýaryş we sport awtoulaglarynyň fotosuratlary bilen özüne çekýärdi.

8. Portugaliýanyň futbol federasiýasy Roberto Martinesiň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ozal 49 ýaşly ispan hünärmen 2016 – 2022-nji ýyllar aralygynda Belgiýanyň ýygyndysyna ýolbaşçylyk edipdi. Ol öňki wezipesinden Katarda geçirilen DÇ-2022-däki şowsuz çykyş sebäpli boşadyldy, onda Belgiýanyň ýygyndysy topardan çykyp bilmedi.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň Olimpiýa oýunlary 2024-e gatnaşmak üçin saýlama çempionatdaky garşydaşlary mälim ediler. 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin AFK zolagyndaky zenanlaryň arasynda saýlama çempionatyň birinji tapgyrynyň bije çekişligi 12-nji ýanwarda geçiriler. Pariž-2024-e gatnaşmak üçin Aziýanyň saýlama çempionatyna ozalkylara görä rekord derejede 31 sany zenanlar ýygyndysy gatnaşar. Türkmen topary Palestina, Singapur, Bangladeş, Liwan, Täjigistan, we Gündogar Timor bilen birlikde üçünji sebede düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň