Da­şo­guz at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň ça­puw ýo­da­sy­nyň dur­ky tä­ze­le­ner

10:5509.01.2023
0
16680

Türkmenistanda at­çy­lyk sport top­lum­la­ryn­da gu­ral­ýan at­ly sport bäs­le­şik­le­ri­ni we at ça­py­şyk­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi­ne «Da­şo­guz at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň ça­puw ýo­da­sy­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2022-nji ýy­lyň 23-nji iýu­lyn­da çy­ka­ran 195-nji Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, Da­şo­guz at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň ça­puw ýo­da­sy­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek we oňa döw­re­bap ör­tü­gi dü­şe­mek hem-de top­lum­da abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek ba­ra­da «Röw­şen» hu­su­sy kär­ha­na­sy bi­len goş­ma­ça yla­la­şyk bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň