Hytaýyň CRRC Ziyang kompaniýasy Türkmenistany lokomotiwler we olaryň ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek üçin onlaýn şertnama baglaşdy. Bu barada kompaniýa Twitter hasabyndan habar berdi.
Hasabatda bu şertnamanyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň 31 ýylynyň dowamynda iň iri şertnamalaryň biridigi aýratyn nygtalýar.
Şeýle hem «Dizel lokomotiwlerini eksport etmekde öňdebaryjy hökmünde CRRC Ziyang Türkmenistanda demir ýol ulaglary üçin iň uly enjam üpjün edijidir» diýilýär.