Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň iň köp alakaly şäherleriniň sanawy düzüldi

11:2409.01.2023
0
35148

Iň köp alakaly şäherleriň bäşligine Ýewropanyň iki paýtagty, Amerikanyň iki we Hindistanyň bir şäheri girdi. Bu ugurdaky sanawy zoologlar düzdüler diýip, «Daily Express» britan gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Alakalaryň dünýä «paýtagty» ABŞ-nyň Çikago şäheridir. Şäher bu orny eýýäm ençeme ýyl bäri eýeläp gelýär, özem ol öz ornuny barha berkidýär diýlip, habarda bellenýär. Şäheriň köçelerinde näçe alakanyň ygyp ýörendigini hasaplamak kyn, emma olaryň indi her iki metrde bardygyny duýmak bolýar. Emma alakalaryň özlerine duşmak kyn, sebäbi olar oňat bukulmagy başarýarlar.

Los-Anjelesde welin, alakalar Çikagodakydan sähel az. Bu ýerde şäher häkimiýetleri zäherleýjileri ulanmagy gadagan etdiler. Galyberse-de, zibilhanalaryň köp bolmagy we ýyly howa alakalaryň çalt köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Sanawda üçünji orny London eýeledi, ol ýerde alakalar yzygiderli ýörişleri guraýarlar. Hünärmenler şäheriň her ýaşaýjysyna azyndan iki sany gemrijiniň düşýändigini hasapladylar.

Dördünji orunda Pariž durýar. Ýerli ýaşaýjylar alakalara şeýlebir öwrenişipdirler wekin, olara hatda ünsem berip durmaýarlar.

Sanawyň bäşinji ornunda Hindistanyň Deşnok şäheri ýerleşýär. Bu ýerde alakalara keramatly jandar hökmünde sežde edýärler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň