Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy 12-nji ýanwarda Pariž ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny biler

16:4909.01.2023
0
47828

12-nji ýanwarda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpur şäherindäki şrab-kwartirasynda Olimpiýa oýunlary ― 2024-iň futbol boýunça zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky ýaryşlarynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrynyň bijeleri çekiler. Bije çekişlik onlaýn görnüşde geçiriler.

Bije çekişlik Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 12:00-da başlanar diýip, AFK-nyň resmi saýty habar berýär.

Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiadanyň futbol boýunça ýaryşlaryna şu gezek zenanlar ýygyndylarynyň rekord derejäki sany ― 31-si gatnaşar.

Bije çekişligiň sebetleri:

1-nji sebet: Wýetnam, Taýwan, Mýanma, Özbegistan, Filippinler, Hindistan;

2-nji sebet: Eýran, Iordaniýa, Gonkong, Indoneziýa, Nepal, Gyrgyzystan, Mongoliýa;

3-nji sebet: Palestina, Singapur, Türkmenistan, Bangladeş, Liwan, Täjigistan, Gündogar Timor;

4-nji sebet: Şri-Lanka, Maldiwler, Pakistan, Butan, Owganystan.

Ýygyndylar 7 toparça bölüner, olaryň bäşisinde dört, galan ikisinde üç ýygyndy bolar. Ähli toparçalardaky duşuşyklar 2023-nji ýylyň 3 ― 11-nji apreli aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler.

Ikinji saýlama tapgyryna diňe toparçalaryň birinji ornunyň eýeleri çykyp biler. Olar soňra ýaryşy Aziýanyň reýtinginde öňdäki bäş orny eýeleýän KHDR-nyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary bilen dowam etdirerler.

Ikinji saýlama tapgyryň iň güýçli dört ýygyndysy (üç toparçanyň ýeňijisi we iň gowy ikinji orny eýelän ýygyndy) üçünji saýlama tapgyrynda bije çekişlik esasynda özara duşuşarlar. Öýde ― myhmançylykda usulynda geçiriljek duşuşyklaryň netijesinde ýeňiş gazanan iki ýygyndy Pariž ― 2024-de Aziýa yklymyna wekilçilik eder.

Olimpiýa oýunlarynyň zenanlaryň arasyndaky futbol ýaryşynyň Aziýa boýunça saýlama tapgyrlary şu ýylyň 6-njy dekabrynda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň