«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň 2-nji oýny 2023-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda geçiriler. «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň 2-nji oýnunyň temasy «Gadymy Hytaý siwilizasiýasy: antik medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty» diýlip atlandyrylýar. Bu barada institutyň resmi web saýtynda habar berilýär.
Akyl-paýhas bäsleşigi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň alyp barmagynda guralýar. Oýun 2021-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.
2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda «Gadymy Hytaý siwilizasiýasy: antik medeniýetiň birleşdiriji kuwwaty» atly II oýnuň temasy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýörite okuw sapagy hem geçirilipdi.
Ozal biz «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň ikinji möwsüminiň başlanandygyny habar beripdik.