Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy, Türkmenistanda 2023-nji ýyl üçin aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljek dalaşgärleriň sany tassyklandy, we beýleki habarlar

10:0006.01.2023
0
25901

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Döwlet baýdaklary bilen bezelen Pekiniň «Şoudu» Halkara howa menzilinde uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini kabul edýän tarapyň resmi adamlary garşyladylar.

2. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullarynyň, talyplaryň we diňleýji haklarynyň möçberi 10% ýokarlandy. Zähmet haklarynyň ýokarlanmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün ediler.

3. Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň alymlyk derejesine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklady. Resminama ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen kabul edildi.

4. Hytaý nusgawy türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyny baýram etmäge goşular. Bu ýurtda türkmen şahyrynyň we akyldarynyň dörejiligi 2000-nji ýylda giň meşhurlyk gazandy, şol ýylda Minawar Habibullanyň terjime etmeginde Magtymgulynyň hytaý dilindäki ilkinji goşgular ýygyndysy çykdy. Beýik şahyryň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda giňden bellenilip geçiler, HHR hem uly ruhubelentlik bilen ýubileý baýramçylygyna goşular.

5. 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki emläkleriniň www.e.fineconomic.gov.tm sanly hyzmatlar gurşawynda we şol gurşawyň ykjam programmasy arkaly döwlet eýeçiligine degişli desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwda geçiriler. Söwda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan guralýar.

6. Türkmenistanda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

7. 2023-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndan başlap, Hytaý halkara ýolagçy gatnawlary amala aşyrylanda COVID-19 sebäpli aýratyn çäklendirmeleri aradan aýrar. 8-nji ýanwardan başlap, hytaý we daşary ýurt awiakompaniýalary ikitaraplaýyn ulag şertnamalaryna laýyklykda, ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrarlar, şonuň bilen baglylykda, uçuşlaryň sany boýunça çäklendirmeler hem aradan aýrylar.

8. Amerikan aýdymçy Teýlor Swiftiň pişigi dünýädäki iň baý haýwanlaryň biri hasaplanýar. Şotland salpy gulak tohumyna degişli bolan Oliwiýa Benson atly pişik 97 million dollar möçberdäki emläge eýedir, ol bu serişdeleri eýesiniň şekilli aýdymlarynda we mahabat wideolarynda surata düşüp, şeýle hem öz keşbi şekillendirilen sowgatlyk önümleriň satuwyndan gelen girdejilerden gazanypdyr.

9. Türkmenistanyň futbol federasiýasy Naýbaşy liganyň 2022-nji möwsüminiň jemlerini jemledi we alty ugur boýunça ýeňijileri yglan etdi. «Iň gowy derwezeban» hökmünde «Ahalyň» düzümindäki Rasul Çaryýew ykrar edildi. «Iň köp gol geçiren oýunçy» baýragy bilen «Ahalyň» hüjümçisi Didar durdyýew saýlandy. Möwsümiň iň gowy tälimçisi adyna Mergen Orazow eýe boldy. Onuň ýolbaşçylygyndaky «Ahal» topary taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy, şeýle hem ýurduň Kubogyna eýe boldy. 2022-nji möwsümde «Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy» hökmünde «Köpetdagyň» oýunçysy Begenç Akmämmedow saýlandy. «Iň gowy emin» derejesine FIFA-nyň emini Resul Mämmedow, iň arassa oýun üçin baýraga bolsa «Merw» topary mynasyp boldy.

10. Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Karim Benzema 2022-nji ýylda Fransiýanyň iň gowy türgeni saýlandy. Ses berlişikde ikinji orna «PSŽ-niň» hüjümçisi Killian Mbappe mynasyp boldy. Zenan türgenleriň arasynda birinji orna tennisçi Karolin Garsiýa saýlandy, ikinji orny bolsa welosipedçi Polin Ferran-Prewo eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň