Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde täze taryhy döwürde Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da ösdürmek, şeýle hem 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi, şeýle hem geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Medeniýet ministrligine degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Meýilnamada göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şeýle-de okaň: