Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji Hökümet mejlisini geçirdi

21:5904.01.2023
0
19944
Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ilkinji Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere hem-de pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän çäreler hakynda maglumat berdiler. Şunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak, şeýle hem ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek bilen bagly Kanunda göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän degişli işler, täze ýylyň şygarynyň syýasy we durmuş babatdaky ähmiýetini wagyz etmek boýunça meýilnamalaýyn esasda geçirilýän çäreler barada aýdyldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, olaryň netijeleri barada hasabatlary berdiler.

Degişli hasabatlarda ýurduň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary; nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler; suw üpjünçiligi hem-de suw serişdelerini rejeli ulanmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler; Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylyşy; Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işi; medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işler; 2023-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri; döwlet Baştutanynyň Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler; şeýle-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýurduň ulag-aragatnaşyk toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli ulgamlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

2023-nji ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow pudaklary ösdürmek bilen bagly käbir resminamalara-da gol çekdi we olary sanly ulgam arkaly degişli wise-premýerlere ugradyp, anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň