Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýada 2022-nji ýylyň türgeni saýlanyldy

01:3505.01.2023
0
30719

Karim Benzema Fransiýada 2022-nji ýylyň türgeni diýlip saýlanyldy.

Ýurduň sport žurnalistrleriniň arasynda 24-nji noýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilen ses berlişige 3 müň žurnalist gatnaşdy. Olaryň agramly bölegi Benzema ses berdiler. Kilian Mbappe bolsa ikinji orny eýeledi.

Benzemanyň geçen ýyl «Real» bilen Çempionlar ligasynyň we La Liganyň ýeňijisi bolandygyny ýatladýarys. Mbappe bolsa Fransiýanyň ýygyndysy bilen dünýäniň wise-çempiony boldy.

Ýurduň zenan türgenleriniň arasynda iň gowusy diýlip tennisçi Karolin Garsiýa yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň