Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy

16:5405.01.2023
0
49973
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Pekine bardy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanyny Aşgabadyň Halkara howa menzilinde ýurduň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň, türkmen Lideriniň uçary Pekiniň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Şoudu» Halkara howa menziline baryp gondy.

Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanyny HHR-iň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Ertir — 6-njy ýanwarda Hytaýyň paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň