Teýlor Swiftiň pişiginiň emlägi 97 million dollar bahalanýar

14:0805.01.2023
0
39698
Teýlor Swiftiň pişiginiň emlägi 97 million dollar bahalanýar
Surat:peopletalk.ru

Aýdymçy zenan Teýlor Swiftiň Oliwiýa Benson lakamly pişiginiň emlägi 97 million amerikan dollara deňdir. Bu barada NME neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Şunlukda, Swiftiň pişigi dünýäde üçünji baý öý haýwany boldy. «Ol öz emlägini eýesi bilen birnäçe sazly kliplerde surata düşmek, öz harytlarynyň ugruny döretmek we iri býujetli mahabat roliklerinde çykyş etmek bilen gazandy» diýlip, hasabatda bellenýär.

Dünýäde iň gurply öý haýwanlarynyň sanawynda ilkinji orny nemes Gýunter VI 500 million dollar emlägi bilen eýeleýär. Ikinji orunda internetde 100 million dollar gazanan Nala atly pişik durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň