Soňky habarlar

Arhiw

JONY, Dima Bilan, Nyuşa we beýleki ýyldyzlar Türkmenistanda çykyş ederler, «Türkmenistan» awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň bahasyny 30% arzanladar, türkmen pasporty dünýä pasportlarynyň sanawynda 78-nji orny eýeledi we beýleki habarlar

11:0721.12.2022
0
65322

1. Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň Täze ýyl konsertleri geçiriler. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin gowy görýän aýdymçylary Dima Bilan, Nyuşa, JONY, Irem Deriji we Mustafa Sandal bilen duşuşmak ajaýyp baýramçylyk sowgady bolar. Konsertleriň peteklerini sport toplumynyň kassasyndan satyn almak mümkindir.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Türkmenistanyň raýatlary üçin birnäçe halkara howa gatnawlarynyň awiapetekleriniň bahasyny 30% arzanladar. Şu güne çenli «Türkmenhowaýollary» Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Maýndaky Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) dowamly uçuşlary amala aşyrýar.

3. Kanadanyň «Arton Capital» konsalting kompaniýasy dünýä pasportlarynyň sanawyny köpçülige ýetirdi, oňa görä Türkmenistan 78-nji orny eýeledi. Hasabatda Türkmenistanyň raýatlarynyň 16 ýurda wizasyz baryp biljekdigi, şeýle hem 47 ýurda barandan soňra wiza alyp biljekdigi, 135 ýurtda öňünden wiza talap edilýändigi aýdylýar. Sanawda eýeleri 121 ýurda wizasyz syýahat edip bilýän BAE-niň pasporty öňdebaryjy orny eýeledi.

4. «Demirýollary» AGPJ Türkmenistanda otly petekleriniň satuwynyň möçberini ýokarlandyrýar. Häzirki günde petekleri syýahatdan 15 gün öň almak mümkindir. Ozal bolsa otly peteklerini ugramazdan 5 gün öň satyn alyp bolýardy.

5. Russiýanyň demir ýollary Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollary bilen bilelikde 2023-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça konteýner daşamak üçin umumy arzanladylan nyrhlary ýola goýar.

6. Tahyr Ataýewiň orkestri Täze ýyl agşamyny ýakymly sazlar bilen geçirmäge çagyrýar. 30-njy dekabrda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda «Ýolki.FM» konserti geçiriler. Bu ýerde baýramçylyk şowhunyny döretmek üçin ähli zat bolar diýip, sazandalar söz berýärler. Konsert 18:00-da başlanar.

7. Diňe Ýakyn Gündogarly aýallardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr onlaýn ýagdaýda ilkinji gezek konsert berer. Konsertiň maksatnamasy Gündogarda meşhur bolan sazlardan, flamenko usulyndaky kompozisiýalardan we nusgawy simfoniýalaryň böleklerinden ybarat bolar. «Firdaus» atly aýdym-saz toparynyň ýolbaşçysy – hindistanly aýdymçy, kompozitor we aýdym-saz prodýuseri «Harabalykdan çykan millioner» filminiň sazynyň awtory hökmünde dünýäde meşhurlyk gazanan we «Film üçin iň gowy özboluşly saz üçin» ugry boýunça «Oskar» baýragynyň eýesi Alla Rakha Rahmandyr.

8. Bakuwda Türk kinosynyň hepdeligi geçirilýär. Festiwal Semih Kaplanoglunyň režissýorlygyndaky «Baglilik Hasan» filmi bilen açyldy. Çäre Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi, Ýunus Emre adyndaky Baku instituty we «Yerli Düşüncə» birleşigi tarapyndan guraldy.

9. «Ahalyň» futbolçylary bu möwsümde Türkmenistanyň çempionlygyny gazananlygy üçin çempionlyk kubogy bilen sylaglandylar. Sylag gowşuryş dabarasy Türkmenistan çempionatynyň 28-nji tapgyrynyň «Aşgabat» bilen «Ahalyň» arasynda geçirilen duşuşyk tamamlanandan soň geçirildi. Duşuşykda «Ahal» topary 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Türkmenistanyň çempionlaryna kubogyny we «Ahala» altyn medallary gowşurmak dabarasy Aşgabadyň «Nisa» stadionynda geçirildi. Baýraklary topara Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy.

10. Gyrgyzystanly Alekseý Teplýaşin täze milli rekord goýdy. Pälwan agramy 100 tonnadan gowrak bäş sany demirýol wagonyny çekdi. Türgen bu synanyşyga ýarym ýyl töweregi taýynlyk gördi. Demirýol ýük wagonlarynyň umumy agramy 106 tonna deňdir. Her wagonyň agramy 21,5 tonna we ondanam köpdür. Alekseý rekordy bilen ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek isleýär. Ol öz öňünde maksat goýdy: ýolagçy uçaryny ýerinden gozgamak.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň