Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollary «Russiýanyň demir ýollary» (RŽD) holdingi bilen bilelikde 2023-nji ýylda Demirgazyk-Günorta Halkara ulag geçelgesiniň (HUG) gündogar ugry boýunça konteýnerleri daşamak üçin birmeňzeş ýeňilleşdirilen nyrhlary kesgitlär. Bu barada «Russiýanyň demir ýollarynyň» metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berdi.
«Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollary bilen bilelikde 2023-nji ýylda «Demirgazyk-Günorta» HUG-yň gündogar ugrunyň infrastrukturasyny ulanmak üçin ýeňilleşdirilen birmeňzeş konteýner-kilometr bahasyny kesgitlemek kararyna geldi» diýlip, habarda aýdylýar.
Şeýle hem demir ýollaryň rus böleginde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Bolaşak-Serhetýaka gazak-türkmen serhet geçelgesinden ýüklenen konteýnerleriň Russiýa-Gazagystan serhet stansiýalaryndan eksporty we importy üçin 20% arzanladyşyň boljakdygy bellenilýär.
— Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýollarynda TEU-km üçin 0,15 dollar, TEU-km üçin 0,18 dollar we TEU-km üçin 0,24 dollar nyrhnama bahalary bolar — diýip, çeşme belleýär.