Soňky habarlar

Arhiw

Indi Türkmenistanda otly peteklerini 15 gün öňünden satyn almak mümkin

10:0720.12.2022
0
41501

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi web sahypasynda bellenişine görä, Türkmenistanda otly petekleriniň satuwynyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Has takygy, 2022-nji ýylyň 16-njy dekabryndan başlap, otly petekleri 15 gün öňünden onlaýn görnüşinde satuwa goýuldy.

Mundan ozal otly petekleri 5 gün öňünden satylýardy.

Türkmenistanda onlaýn petek satuw hyzmaty 2019-njy ýylyň 1-nji iýunyndan bäri hereket edýär. Ýolagçy otly peteklerini «Türkmendemirýollary» agentliginiň resmi web sahypasyndan hem-de onuň iPhone, Android ulgamlary üçin elýeterli bolan mobil goşundylary arkaly satyn alyp bilersiňiz. Petekler üçin tölegi bank kartlarynyň üsti bilen geçirip bolýar.

Petekler onlaýn satyn alnanda ilki gidýän-barýan welaýatyňyzy, şäheriňizi, ugramaly senäňizi saýlamaly. Ýolagçynyň şahsy maglumatlaryny girizip, telefon belgiňize gelen kod bilen tölegi tassyklap, petegiňizi ýükläp bilersiňiz.

Häzirki wagtda hereket edýän ýolagçy gatnawynyň meýilnamasy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň