Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendemirýollary» agentligi petekleri onlaýn görnüşde satyn alyp bolýandygyny ýatladýar

23:3414.11.2022
0
38780

«Türkmendemirýollary» agentligi resmi saýtynda demir ýol gatnawlary üçin petekleri 5 gün öňünden onlaýn görnüşde satyn alyp bolýandygyny ýatladýar.

Onlaýn petekleri «railway.gov.tm» web-saýtyndan, şeýle hem Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen «Railways» ykjam goşundylaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Agentligiň saýtynda bellenilişi ýaly, nagt däl hasaplaşyk arkaly internetden petek almak müşderileriň wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam eder. Onlaýn satyn alnan petekleri yzyna gaýtarmak mümkinçiligi hem bardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň