Türkmenistan dünýä pasportlarynyň reýtinginde 78-nji orny eýeledi

10:5820.12.2022
0
41474

Kanadanyň «Arton Capital» konsalting kompaniýasy dünýä pasportlarynyň reýtingini çap etdi. Sanawa laýyklykda, Türkmenistan 78-nji orny eýeledi diýip, «Trend» habar berdi.

Kompaniýanyň bu baradaky hasabatynda Türkmenistanyň raýatlarynyň 16 ýurda wizasyz baryp bilýändigi, ýene 47 ýurda bolsa wizany ýurda baransoň alyp bilýändigi, 135 ýurtda bolsa wizanyň öňünden talap edilýändigi aýdylýar.

Reýtingiň başyny BAE-niň pasporty çekmek bilen, bu ýurduň raýatlary 121 ýurda wizasyz syýahat edip bilýärler, ýene 59 ýurt üçin wizany şol ýurda barandan soň alyp bilýärler. BAE-niň raýatlary üçin diňe 18 ýurda wiza öňünden talap edilýär.

«Arton Capital» reýtingi pasport eýesiniň wizasyz baryp bilýän we barandan soň wiza alyp bilýän ýurtlarynyň sanyna esaslanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň