Soňky habarlar

Arhiw

BAE-de zenanlardan düzülen ilkinji simfoniki orkestr döredildi

14:5420.12.2022
0
32604

Birleşen Arap Emirliklerinde ilkinji zenanlar simfoniki orkestri peýda boldy, oňa kompozitor Alla Rakha Rahman (A.R.Rahman)— «Firdaus» ýolbaşçylyk edýär diýip, Emirligiň «The National» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Surat: www.thenationalnews.com

Toparyň Hindistandan bolan çeperçilik ýolbaşçysy «Oskar» kinobaýragynyň eýesidir. Onuň «Külbeden çykan millioner» atly filme ýazan sazy iň oňat saz diýlip yglan edildi. Rahmanyň aýtmagyna görä, dünýäniň 20 ýurdundan bolan zenan sazandalaryň 50-siniň maksady adamlary ruhlandyrmakdan hem-de tomaşaçylara söýgi we şatlyk paýlamakdan ybaratdyr.

Surat: www.thenationalnews.com

Simfoniki toparyň ilkinji konserti 22-nji dekabrda onlaýn görnüşde bolar. Konsertde meşhur Ýakyn Gündogar mukamlaryny, balladalaryny we kompozisiýalaryny ýerine ýetirmek maksat edinilýär.

BAE-niň Prezidenti Muhammad ben Zaýed Al Nahaýýan öň birnäçe gezek jemgyýetiň ähli ugurlarynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak barada çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň