Aşgabatda meşhur daşary ýurt aýdymçylary çykyş eder

13:1520.12.2022
0
157502

Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň sahnasynda daşary ýurt aýdym-saz ýyldyzlarynyň Täze ýyl konsertleri geçiriler.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Dima Bilan, Nýuşa, JONY (Russiýa), Irem Deriji we Mustafa Sandal (Türkiýe) ýaly aýdymçylaryň çykyşlary özboluşly Täze ýyl sowgady bolar.

Daşary ýurt pop ýyldyzlarynyň çykyşlary Nýuşanyň konserti bilen açylar. Meşhur aýdymçynyň ýekelikdäki konserti 25-nji dekabrda sagat 15:00-da başlar. Nýuşa ady bilen tanalýan pop aýdymçysy Anna Şuroçkina ozalam Aşgabatda birnäçe gezek çykyş etdi. Ol ilkinji gezek 2011-nji ýylda konsert berdi. Şeýle hem Nýuşa 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda boldy. Soňra aýdymçy 2017-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda «Aziýada 2017»-niň ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.

Nýuşanyň Ýeňiş güni (2020-nji ýylyň 9-njy maýy) beren söhbetdeşlikleriniň birinde türkmen paýtagty bilen baglanyşygynyň bardygyny aýtdy: «Atam Wolodýa Aşgabat okrugynyň raýat goragynyň başlygy bolup işledi».

Nýuşadan soň 19:00-da Russiýa Federasiýasynyň abraýly aýdymçysy Dima Bilanyň çykyşlary başlar. Bilan ozal 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen bagly geçirilen konserte gatnaşdy.

Bilanyň aýdymlaryny ähli ýaşdaky diňleýjiler hem gowy görýärler. Meşhur rus aýdymçysy 2008-nji ýyldaky halkara Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisidir. Bilan MTV, Muz-TV, Ru-TV baýraklaryny birnäçe gezek aldy we birnäçe gezek «Altyn Gramofon» baýragyna mynasyp boldy. Onuň aýdymlarynyň onlarçasyny diňleýjiler ýatdan bilýärler.

Türk myhmanlarynyň çykyşlary 26-njy dekabrda bolar. Şol gün Irem Deriji çykyş eder. Türk aýdymçysynyň professional karýerasy 2012-nji ýylda başlandy. Şondan bäri Deriji meşhur aýdymlaryň tutuş toplumyny çykardy. Onuň «Aşk Eşittir Biz» aýdymy 2015-nji ýylda türk aýdym-saz diagrammasynyň öň hatarynda boldy.

2016-njy ýylyň fewral aýynda «GNL Entertainment» leýbli bilen Deriji ilkinji «Dantel» studiýa albomyny çykardy. Aýdymçy 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Sabıka Kaydı» atly ikinji studiýa albomyny we 2019-njy ýylda 1990-njy ýyllarda meşhur bolan 8 sany türk aýdymyny öz içine alýan «Mest Of» albomyny çykardy.

Irem Deriji «Rising Star Türkiye» aýdym-saz bäsleşiginiň emin agzasydyr.

Şol gün agşam, sagat 19:00-da tomaşaçylar türk aýdym-saz ýyldyzy Mustafa Sandalyň eserlerinden lezzet alyp bilerler. Iň bir meşhur türk aýdymçylarynyň biri bolan Mustafanyň albomlary 17 milliondan gowrak nusgada satyldy. Mustafa Sandal «All My Life», «Moonlight» we «İsyankar» aýdymlary bilen Ýewropada hem meşhurlyk gazandy.

Aýdymçy Aşgabatda ýygy-ýygydan myhman bolýar. Ol 2016-njy ýylda Aşgabatda Täze ýyl konsertlerinde, 2017-nji ýylda bolsa Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda çykyş etdi.

Aýdym-saz şüweleňi 27-nji dekabrda sagat 19:00-da asly Azerbaýjandan bolan russiýaly aýdymçy JONY çykyşlary bilen tamamlanar.

JONY ady bilen tanalýan Jahid Afrail oglu Hüseýnli birnäçe aýdymlaryň awtory we ýerine ýetirijisi bolup, ol NTV kanalyndaky «Maska» şowunyň ikinji möwsüminiň ýeňijisidir. Aýdymçy esasan hit aýdymlaryny çykarýar, ýöne onuň 3 sany gysga sanly albom hem bar.

JONY RAAVA aýdym-saz toparynda çykyş etdi. 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda «Apple Music»-iň sanawynda birinji orny eýelän «Kometa» aýdymyny çykardy. Aýdymçynyň iň soňky albomy 2022-nji ýylyň 2-nji dekabrynda çykdy.

Aýdymçylaryň çykyşlary üçin petekleri Gyşky oýunlar sport toplumynyň kassasynda satyn alyp bilersiňiz.

Petekler ertir satuwa çykarylar. Petegiň bahasy — 100 manat.

Petekler bilen bagly maglumatlary şu telefon belgileriden habarlaşyp alyp bilersiňiz: (+993 12) 21 26 58; (+993 12) 21 26 74.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň