1. Türkmenistanda 27-nji dekabra çenli dowam etjek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy. Onuň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr. Bu maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.
2. Türkmenistanyň dokma kärhanalary sarp edijiler üçin Täze ýyl üçin garaşylmadyk sowgat taýýarladylar – 2023-nji ýylyň nyşany bolan Towşanyň şekili ýerleşdirilen önümlerin çykardylar. Hojalyk dokma dükanlarynda çagalar we ulular üçin sowgat hökmünde, geljek ýylyň nyşany ýerleşdirilen ýatylýan geýimleri (pižamalar), ýorgan-düşek daşlyklary, öý aýakgaplaryny (tapoçkalary) satyn alyp bilersiňiz. Çagalar üçin ýörite dokma ýantorbalar we oýnawaç towşanlar taýýarlanyldy.
3. Tatarstanyň Prezidenti Rustam Minnihanow öz itiniň – Akdus atly türkmen alabaýyň suratyny sosial ulgamlarda paýlaşdy. Ol: «Akdusuň suratyny uzak wagtlap goýmadym. Bilelikde gezelenç etmek mümkinçiligi örän seýrek bolýar – iş köp» – diýip belledi. 2021-nji ýylyň ýazynda Gurbanguly Berdimuhamedow şol wagt heniz güjük bolan alabaýy Respublikanyň Prezidentine sowgat beripdi. Tatar dilinden terjime edilende, Akdus «Ak dost» diýmegi aňladýar.
5. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda we Daşoguz şäherinde gury gurluşyk garyndysyny, lak we suw-dispersiýa boýagyny öndürýän kärhana gurlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bu welaýatlardaky kärhanalaryň taslamasy we gurluşygy üçin açyk halkara bäsleşik yglan etdi.
6. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bankyň 2022-nji ýyldaky maliýe hasabatlaryny halkara ülňülerine laýyklykda barlamak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Gyzyklanýan guramalar we kompaniýalar tekliplerini «Daýhanbank» DTB-e iberip bilerler.
7. Halkara Howa ulaglary assosiasiýasy içinde 100 millilitrden gowrak suwuklyk bolan gaplary el goşlarynyň arasyna goşmagy gadagan edýän «100 millilitr düzgünini» ýatyrmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu düzgün ýolagçy uçuşlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we terrorçylykly hüjümleriň öňüni almak maksady bilen 2007-nji ýylda girizildi. Uçarda 100 millilitrden gowrak suwuklyk daşamagy gadagan edýän düzgüniň ýatyrylmagynyň 2024-nji ýyldan ir bolmajakdygy bellenilýär.
8. Kanarlaryň Astrofizika institutynyň astronomlary Günüň golaýynda ýaşaýşyň mümkinçilikleri ýokary bolan iki planetany tapdylar. Planetalar Gün ulgamyndan 16 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän «GJ 1002» atly ýyldyzyň daşyndan aýlanýarlar. Planetalaryň ýerleşýän şertleri, olary ýaşamaga we üstündäki ýaşaýşyň ösmegi üçin amatly edýär. Alymlar iki planetanyň atmosferasynyň düzümini öwrenmek we olardaky kislorodyň göterimini anyklamak isleýärler.
9. Argentinanyň milli ýygyndysy Katarda geçirilen futbol boýunça Dünýä çempionatynyň finalynda Fransiýanyň toparyndan penalti urgularynyň netijesinde üstün çykdy. Argentinalylar futbol boýunça Dünýä çempionatynda üçünji gezek ýeňiji boldular. Ilkinji gezek 1978-nji ýylda öz ýurtlarynda geçirilen ýaryşda, sekiz ýyl soňra bolsa 1986-njy ýylda Meksikada çempion boldular. Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi, iň köp gol geçiren oýunçy bolsa Fransiýanyň toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe boldy.
10. Katarda geçirilen Dünýä çempionatynyň bürünç medallary üçin finaldan bir gün öň geçirilen duşuşykda Horwatiýanyň milli ýygyndysy ýeňiş gazandy. Horwatlar Marokkonyň toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi.