Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» maliýe hasabatlarynyň audit barlagyny geçirijini gözleýär

20:1317.12.2022
0
21325

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 2022-nji ýyl boýunça halkara standartlara laýyklykda düzülen maliýe hasabatlarynyň audit barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär. Bu baradaky bildiriş türkmen metbugatynda çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän guramalar we kompaniýalar bäsleşik tekliplerini şu bildirişiň çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda Türkmenistan Döwlet täjirçilik bankynda kabul edilýär.

Bäsleşigiň tehniki talaplaryny we şertlerini aşakda görkezilen salgy boýunça ýa-da elektron salgy arkaly ýüz tutup alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 38-01-33; +993 12 38-02-05.

Elektron salgysy: bhhm@dayhanbank.gov.tm

Salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 465

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň