Soňky habarlar

Arhiw

Horwatiýa Marokkony utup, DÇ-2022-niň bürünç medalyna mynasyp boldy

08:0018.12.2022
0
20961

Horwatiýanyň milli ýygyndysy DÇ-2022-niň üçünji orny üçin geçen oýunda Marokkony ýeňlişe sezewar edip, bürünç medala eýe çykdy.

Horwatlara ýeňiş getiren gollary Ýoşko Gwardiol (7) we Mislaw Orşiç (42) derwezä ýolladylar. Marokkonyň düzüminde Aşraf Hakimi (9) tapawutlandy.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu iki ýurduň ýygyndysy ýaryşyň toparçalaýyn tapgyrynda hem duşuşyp, şol oýunda hasap açylmandy.

Horwatiýanyň ýygyndysy 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda kümüş medala mynasyp bolupdy. Marokko bolsa şu gezekki mundialda ýarym finala çykmak arkaly Afrikanyň ýygyndylarynyň ýaryşdaky rekordyny täzeledi.

DÇ-2022-niň final oýny 18-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar. Aýgytlaýjy oýun «Lusail Aýkonik» stadionynda geçiriler. Final oýnuna Türkmenistanyň çäginde «Match TV» rus teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň