Soňky habarlar

Arhiw

Rustam Minnihanow Akdus atly alabaý bilen garda gezelenç etdi

16:4418.12.2022
0
33752

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Akdus atly alabaý iti bilen garda gezelenç etdi. Bu barada onuň Telegram sosial ulgamyndaky resmi sahypasyna salgylanyp, «Tatar-inform» habarlar gullugy habar berdi.

Habar berlişi ýaly, Rustam Minnihanow özüniň Telegram sahypasynda Akdus atly alabaý bilen garda gezelenç mahaly düşürilen suraty paýlaşdy. Prezident köp wagtdan bäri şeýle suratlary köpçülik bilen paýlaşmandygyny, muňa wagtyň bolmandygyny belledi.

«Köp wagt bäri Akdusyň suratyny paýlaşmadym. Bilelikde gezelenje seýrek çykmaly bolýas — işler kän» diýlip, Minnihanowyň Telegram sahypasynda aýdylýar.

Belläp geçsek, Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bu türkmen alabaýynyň suratyny iň soňky gezek şu ýylyň awgust aýynda köpçülige görkezipdi.

Ýeri gelende ýatlasak, türkmen alabaýynyň güjüjegi 2021-nji ýylyň ýazynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlipdi. Akdusyň ady tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň