«Turkish Airlines» Aşgabada howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar, Türkmenistanda ilat ýazuwynyň meseleleri boýunça sorag-jogap gullugy hereket edýär, Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy – 2022» baýragyna eýe boldy we beýleki habarlar

11:0017.12.2022
0
27290

1. «Turkish Airlines» awiakompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap Türkmenistana dowamly howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Hususan-da, Stambuldan Aşgabada uçuşlaryň sany ikiden dörde çenli artar. Türkmenbaşa hepdede iki gezek uçular. Degişlilikde, «Turkish Airlines-iň» Türkmenistana hepdelik uçuşlarynyň sany 6-a ýetiriler. Uçuşlaryň täze tertibi 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan güýje girer.

2. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde we onuň welaýat bölümlerinde sorag-jogap gullugy hereket edip başlady, onuň maksady ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy baradaky meseleleri ilata düşündirmekden ybaratdyr. Sorag-jogap gullugy 28-nji dekabra çenli Aşgabat wagty bilen sagat 9:00-dan 21:00-a çenli işlär.

3. Aşgabatda ýurduň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Döredijilik gözden geçirilişiniň netijeleri boýunça Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna we göçme kuboga mynasyp boldy. Üç tapgyrda geçirilen aýdym bäsleşigine Türkmenistanyň ähli sebitlerinden we Aşgabatdan ýaş zehinli aýdymçylar gatnaşdylar.

4. Türkmenistan 24-nji dekabrda Tokioda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşinde geçiriljek daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşar. Foruma Ýaponiýanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň DIM-niň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Duşuşyk sebitdäki durnukly ösüşi ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanar, şeýle hem ministrler Owganystandaky ýagdaýy we halkara gün tertibindäki beýleki meseleleri hem ara alyp maslahatlaşarlar.

5. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi türkmenistanlylar üçin Täze ýyl filmlerini taýýarlady. Milli teleýaýlymlarda iki sanly gysga göwrümli göwün açyjy fimleri – Işangulyýewiň «Täze ýyl» atly aýdym-sazly gülküli filmini we Garaýewiň «Täze ýyl şowhuny» filmini görkezmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, telegörüjiler «Türkmenfilmiň» «Rowaýat» we «Gyzyl alma» atly täze gysga göwrümli taryhy filmlerine tomaşa ederler.

6. Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Bogdanow Pars aýlagynyň ýurtlary bilen wizasyz tertibiň girizilmegi baradaky alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda bu edara şol bir wagtyň özünde Aziýanyň birnäçe ýurdy bilen hem wizasyz tertibi döretmek ugrunda iş alyp barýar.

7. Täze ýylda nädip dogry arzuw etmelidigini bilýärsiňizmi? Hünärmenler birnäçe düzgünleriň bardygyny belleýärler. Birinjiden, diňe gowy zatlary arzuw etmeli. Ikinjiden, arzuwlar başgalary üçin peýdaly bolmaly. Ony göz öňünde janlandyrmaly we arzuwlaryňyzy hasyl etmek üçin hereket etmäge taýyn bolmaly. Täze ýyl – jadyly baýramçylyk, arzuwlaryň hasyl boljakdygyna ynamyňyzy ýitirmäň.

8. Halkara Futbol federasiýasy 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty üçin täze görnüşi yglan etdi. 32 toparyň gatnaşmagynda giňeldilen klublaryň arasyndaky dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň iýun aýynda başlar we her dört ýylda bir gezek geçiriler. Şeýle hem FIFA dostluk ýaryşlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär – «FIFA Dünýä tapgyry» jübüt ýyllaryň mart aýynda geçiriler.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Halkara Futbol federasiýasynyň sanawynda 137-nji orunda galdy. ABŞ-niň ýygyndysy sanawyň birinji ornuny eýelemegini dowam edýär. Amerikan zenanlarynyň yzyndan gelýän ýygyndylaryň tertibi üýtgedi: Şwesiýanyň ýygyndysy üçünji orundan ikinji orna çykdy we Germaniýanyň topary, degişlilikde, bir setir aşak düşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň