Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenfilm» Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlaýar

10:4516.12.2022
0
31672

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi kino sungatynyň muşdaklaryna Täze ýyl baýramy mynasybetli sowgatlaryň ikisini taýýarlaýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri häzirki wagtda şadyýan baýrama bagyşlanan gysga göwrümli filmleriň ikisiniň surata düşüriliş işleriniň tamamlanandygyny habar berdi. Režissýorlar W.Işangulyýewiň «Täze ýyl» we G.Garaýewiň «Täze ýyl şowhuny» atly aýdym-sazly komediýalary baýramçylyk günlerinde milli teleýaýlymlar arkaly tomaşaçylara ýetiriler.

Şeýle hem «Türkmenfilmiň» döredijilik toparlary şu günler dokumental filmleriň üçüsiniň üstünde işleýärler. Olaryň biri türkmen alabaýyna, ikinjisi alaja, üçünjisi bolsa türkmen tamdyryna bagyşlanandyr.

Şeýle hem tomaşaçylar ýakyn wagtda «Rowaýat» we «Gyzyl alma» atly gysga göwrümli taryhy filmlere hem tomaşa edip bilerler.

Biz ozal Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli birleşigiň täze filmleriň üçüsini tomaşaçylara hödürländigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň