Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Türkmenistana gatnawlarynyň sanyny artdyrar

21:5516.12.2022
0
52188

«Turkish Airlines» 2023-nji ýylyň ýanwaryndan Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryň sanyny artdyrar diýip, «Atavatan-Turkmenistan» habar berýär.

Hususan-da, Stambuldan Aşgabat şäherine uçuşlaryň sany dörde çenli artar. Hepdede iki gezek bolsa Türkmenbaşy şäherine uçmak mümkin bolar. Şoňa laýyklykda, «Turkish Airlines»-iň Türkmenistana hepdelik uçuşlarynyň umumy sany 6-a çenli artdyrylar. Bu meýilnama 2023-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli güýje girer.

«Turkish Airlines» duşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri Stambuldan (IST) Aşgabat howa menziline (ASB) uçar. Stambuldan Aşgabat şäherine uçuş 21:10-da bolar. Aşgabatdan Stambula uçuşlar sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar. Aşgabatdan Stambula uçuş sagat 03:45-de bolar.

Stambul (IST) — Türkmenbaşy (KRW) we gaýdyp geliş ugurlaryndaky uçuşlar sişenbe hem-de penşenbe günleri amala aşyrylar. Stambuldan Türkmenbaşy şäherine uçuş sagat 11:00-da, Türkmenbaşydan Stambula uçuş 15:55-de bolar.

2023-nji ýylda petekleriň bahasy arzanladylar. Türkiýeden Türkmenistana we yzyna uçuşyň täze bahasy 605 ABŞ dollary bolar.

«Turkish Airlines»-iň uçuşlarynda Türkmenistanyň raýatlaryna PZR test barlagyny tabşyrmagyň zerurlygy ýok.

Türkmenistanyň raýatlaryna Türkiýä baryp görmek üçin wiza gerek. Ýeke giriş tölegi 60 dollardan, goşa giriş bahasy 120 dollardan başlaýar. Wizalar «Gateway International» tarapyndan berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň