Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

21:4916.12.2022
0
55988

Şu gün — 16-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň ýaş aýdymçylarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2022» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemlerine we emin agzalarynyň gelen netijesine görä, aýdymçy Rüstem Hallyýew «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada hem-de bäsleşigiň göçme kubogyna mynasyp boldy.

Bäsleşikde baýrakly birinji orna Bahar Annaýewa, ikinji orna Şatlyk Gurbannazarow, üçünji orna bolsa Seýitguly Tülegenow mynasyp boldy.

Bäsleşik ýylyň dowamynda birnäçe tapgyrda geçirilip, onuň jemleýji tapgyryna, eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň aýdym-saz studiýasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda eminler aýdymçylaryň zehinlerine görä baha berdiler.

Ýadymyzda bolsa, geçen ýyl bu bäsleşikde aýdymçy Begenç Çaryýew ýeňiji bolupdy.

Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň birinji ýeňijisi bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewadyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň