Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ilat ýazuwynyň meseleleri boýunça «gyssagly jaňlar» ulgamy işe girizildi

16:1416.12.2022
0
28848

Şu günden — 16-njy dekabrdan başlap, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde we onuň paýtagt şäher Aşgabatdaky hem-de ýurduň welaýatlaryndaky müdirliklerinde «gyssagly jaňlar» ulgamynyň işi ýola goýuldy. Onuň wezipesi ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy boýunça ýüze çykýan sowallara jogap bermekden, bu babatdaky meseleleri düşündirmekden ybaratdyr.

«Gyssagly jaňlar» ulgamy ilat ýazuwynda kimiň nirede we nädip sanaljakdygy, sanaýjyny nädip tapmalydygy, haýsy resminamalaryň bolmalydygy, nähili sowallaryň beriljekdigi, ýurduň çäginden daşynda bolnan ýagdaýynda bu möhüm çärä nähili gatnaşyljakdygy ýaly sowallar boýunça maglumat almaga mümkinçilik berer. Ulgam 28-nji dekabra çenli işlär.

«Gyssagly jaňlar» ulgamynyň iş wagty: hepdäniň her güni sagat 9:00-dan 21:00-a çenli.

«Gyssagly jaňlar» ulgamynyň telefon belgileri:

  • Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti: (+99312) 98-02-58, 98-02-59, 98-04-21, 39-27-26, 39-27-40, 39-28-98;
  • Aşgabat şäheriniň Statistika müdirligi: (+99312) 94-16-86, 94-28-06, 94-26-08, 94-17-73, 94-17-23;
  • Ahal welaýatynyň Statistika müdirligi: (+99312) 57-43-58, (+800137) 3-33-46, 3-36-12, 3-31-08, 3-31-09;
  • Balkan welaýatynyň Statistika müdirligi: (+800222) 6-03-92, 6-46-18, 6-01-97, 6-25-83, 6-39-64;
  • Daşoguz welaýatynyň Statistika müdirligi: (+800322) 9-24-65, 9-13-91, 9-16-31, 9-24-53, 9-38-41;
  • Lebap welaýatynyň Statistika müdirligi: (+800422) 2-36-70, 2-32-97, 2-36-47, 2-32-29, 2-31-42;
  • Mary welaýatynyň Statistika müdirligi: (+800522) 7-32-00, 6-08-15, 6-90-77, 6-91-58, 6-08-02.

Ozal biz türkmenistanlylaryň «Ilat ýazuwy 2022 — Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!» şygary astynda geçiriljek, 17 — 27-nji dekabr aralygynda, 10 günläp dowam etjek bu ählihalk çäresiniň başlanýandygy barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinden SMS habarnama görnüşindäki ýatlatmalary alyp başlandyklaryny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň