Arzuwlar hasyl bolýar: Täze ýylda dogry arzuw etmegiň düzgünleri

09:4817.12.2022
1
39451
Arzuwlar hasyl bolýar: Täze ýylda dogry arzuw etmegiň düzgünleri
Surat: ru.freepik.com

Adamlar arzuw etmegi, esasan hem Täze ýyl gijesi arzuw etmegi gowy görýärler. RG.ru internet portaly dogry arzuw etmek barada astrolog Ýelena Ştoluň maslahatlaryny hödürleýär.

Hünärmeniň pikirine görä, arzuw etmegiň bäş düzgüni bar:

Birinjisi – diňe gowy zatlary arzuw etmeli.

Ikinjisi – arzuwlar başgalary üçin peýdaly bolmaly. Meselem, erkek adam maliýe taýdan gurplulyk hakynda arzuw edýär. Şonda has ýokary aýlyk hakynyň maşgala nähili peýda getirjekdigi barada pikir etmek zerurdyr. Ýagny arzuw emele getirilende girdejini çagalaryň goşmaça okuwlaryna we ş.m. gönükdirmek barada aýdylmagy zerurdyr.

Üçünji – arzuwy beýan etmek ýa-da göz öňünde janlandyrmak has peýdalydyr. Meselem, eger syýahat etmek barada arzuw edýän bolsaňyz, arçadan gitmek isleýän ýurduňyzyň nyşanyny asyň.

Dördünji – arzuwlaryňyzy hasyl etmek üçin hereket etmäge taýyn bolmak. Eger siziň arzuw edýän ugruňyz boýunça tejribäňiz ýa-da bilimiňiz ýok bolsa, beýle arzuwyň hasyl boljakdygyna känbir ynam ýokdur. Emma maksada ýetmek üçin okuwlara gatnasaňyz, onda arzuwyň hasyl bolmak mümkinçiligi artar.

Bäşinji – arzuw akylyňy we ruhuňy ösdürmäge gönükdirilmelidir.

Şeýle hem arzuw beýan edilende «-syz» goşulmasyny ulanmazlyk maslahat berilýär.

Täze ýyl – jadyly baýramçylyk, arzuwlaryň hasyl boljakdygyna ynamyňyzy ýitirmäň.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň