Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada Täze ýylda nädip arzuw edýärler

10:0308.12.2022
0
22636
Ýewropada Täze ýylda nädip arzuw edýärler
Surat: ru.freepik.com

«Göräýmäge uly adamlar ýaly, ... Çagalar deý, gudrat hakda arzuw edýäris», russiýaly aýdymçy Trofimiň meşhur aýdymynyň bu sözleri ýetip gelýän Täze ýylyň öňüsyrasynda täsirliligini artdyrýar.

Dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe adam belli bir däp esasynda her ýyl arzuw edýär. Bu makalada Ýewropa ýurtlarynda nähili arzuw edýändikleri barada gürrüň bereris.

Germaniýa. Nemesler özleriniň arzuwlar dünýäsine bökýärler. Ýylyň soňky sekuntlary sanalyp başlananda oturgyja münmek we arzuw edip, aşak bökmek däbi bar.

Beýik Britaniýa. Iňlisler gapyny giňräk açsaň, ähli erbetlikleriň öýden çykjakdygyna, açyk penjirelerden bolsa ähli gowulyklaryň girjekdigine ynanýarlar. Şotlandlar ýanyp duran pejiň daşyna üýşýärler, olar oduň geçen ýylyň kynçylyklaryny ýakjakdygyna ynanýarlar we arzuw edýärler.

Ispaniýa. Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurduň dükanlarynda 12 däne üzümli toplumlar satylýar. Çünki ispanlar sagadyň jaňy urup durka 12 sany üzümi iýip ýetişmeli diýen däbi ýerine ýetirýärler. Eger ýetişseler, indiki ýylda baýlyk, saglyk we bagt garaşýar.

Surat: formaxfun.com

Fransuzlar baýramçylykda pirog bişirýärler, onuň hamyryna bir noýba dänesini goşýarlar. Eger ol kimiň paýyna düşse, şonuň hem arzuwy hasyl bolar.

Italiýada geljek ýylyň şowly bolmagy üçin ähli gerekmejek we köne zatlary zyňmak hem-de täze ýyl agşamy diňe täze geýimleri geýmek däbi bardyr.

Bolgariýa. Ýarygije çyralary birnäçe minutlyk öçürýärler. Garaňkyda ýakyn adamyňy gözläp tapmaly we ony öpmeli. Şeýlelikde, ähli arzuwlar hasyl bolar.

Latwiýalylar sagadyň jaňlary urýarka bagt üçin nohut iýýärler.

Çeşmeler: elle.ru; gp.by; formaxfun.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň