2023-nji ýylyň täleýnamasy: Gündogar senenamasy we ýyldyzlar boýunça

0
75481
2023-nji ýylyň täleýnamasy: Gündogar senenamasy we ýyldyzlar boýunça

2023-nji ýyl Gündogar senenamasynda gara suw towşanynyň ýyly diýlip kesgitlenilýär (başga bir garaýyşlara görä, pişik ýyly). Towşan (pişik hem) umuman, parahatçylygy we ümsümligi, durnuklylygy halaýan, howp abananda bolsa ýiti dyrnagyny ulanyp bilýän jandardyr.

Towşan ýyly 2023-nji ýylda 1-nji ýanwarda däl-de, 22-nji ýanwarda başlanyp, 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda hem tamamlanýar. Emma towşan ýylyny muňa garamazdan adaty Täze ýyl gijesinde garşy almak bolar. Täze ýyla lybas saýlamakda adaty hem-de oňaýly eşikleri saýlap almak, aýratyn-da fiolet ýa-da liliýa reňkli öwüşginlere üns bermek ýerliklidir.

Gündogar senenamasy

2023-nji ýylda syçan ýylynda doglanlar üçin çynlakaý bir töwekgelçilik etmezlik we kadaly durmuş ýörelgesini alyp barmak zerurdyr, sebäbi pişik syçan üçin howply bolup biler.

Öküzler üçin bu adaty, «işlenilýän» ýyl bolar, bu ýylda zerur däl zatlara üns bermän işlemek dogry bolar. Bu öz haýsydyr bir täze işiňizi ýola goýmak, täze taslamalara başlamak üçin amatly pursatdyr. Umuman alanyňda, towşan (ýa-da pişik) öküz bilen oňat gatnaşykda bolýar.

2023-nji ýylda bars az-kem dynçlykda bolar we geljekde gazanjak üstünlikleri üçin güýç toplamaga mümkinçilik alar. Umuman, bu ýyl bars ýylynda doglan ynsanlar üçin dynç almak, syýahat etmek mümkinçiligi bilen asuda we amatly ýyl bolar.

Öz doglan ýylynda towşan (pişik) ähli başlangyçlarda — işde, maşgala durmuşynda, dostlary bilen üstünlikleri gazanar.

Balyk ýylynda doglanlar üçin 2023-nji ýyl ýakymly we gyzykly bolar, ol edil at ýylynda doglanlar üçin bolşy ýaly, gaty köp tagalla etmän, ähli işlerde özüni şöhratly görkezmäge mümkinçilik bolar.

Ýylan üçin bu ýyl dolulygyna şowly bolar,emma azda-kände yhlas etmeli bolsaňyzam, diňe dynç almak bilen, bolup geçýän zatlara gapdaldan tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolarsyňyz.

Goýunlar (Geçiler) Täze ýylda kuwwatly howandarlaryň hemaýat bermegi bilen ýokary derejelere çykyp bilerler.

Maýmynlar we towuklar indiki ýylda özlerine ünsli çemeleşmeli, rahat alyp barmaly bolarlar. Maýmyn baryňa şükür etmek duýgusyny unudyp, ähli gazananlaryna howp abandyryp biler, edil şonuň ýaly-da horaza ähli jedellerden we çekişmelerden uzak durmak hem-de ähli zatlarda seresap bolmak maslahat berilýär.

It üçin geljek ýyl hem asuda we parahatçylykly bolar. Öýde rahatlygy we oňaýlylygy, şeýle hem maşgala döretmek üçin iň amatly wagtdyr.

Doňuz üçin 2023-nji ýylda has soňky söweşlere güýç toplamak üçin dynç almaga has köp wagt sarp etmek gerekdir.

Geljek ýyl babatda ýyldyzlar näme diýýär?

Täze ýylda hamallar köplenç maşgalasyna we dostlaryna kömek bermeli bolar. Esasan öz bähbidiňize zyýan bermeli däldir. Öz zähmet ýoluňyzyň basgançagyny ýokary galdyryp bilersiňiz, ýöne munuň üçin synanyşmaly bolarsyňyz.

Sowurlara (öküzçeler) daş-töweregiň sazlaşygyny ele almak — artykmaç zatlar taşlamak, kalbyny we pikirlerini tertibe salmak, geçmişiň ýüklerini unutmak maslahat berilýär. 2023-nji ýylda towşan sowura hatda iň kyn arzuwlaryny hem amala aşyrmaga kömek eder. Tomus — elektrik enjamlary we gaz ulanylanda töwekgelçilikleriň köpelýän wagtydyr, mundan seresap bolmak gerekdir. Täze ýylda maşgalada täze agzalaryň peýda bolmagyna ýa-da ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagyna garaşyp bolar.

Jöwzalar üçin geljek ýyl ýaramaz endiklerden dynmagyň iň amatly wagtydyr. Şeýle hem, bu ýyl syýahat etmek, uzakmöhletleýin meýilnamalary düzmek we peýdaly tanyşlyklary açmak üçin wagtdyr. Geçen ýylda haýsydyr bir ýerliksiz edilen hereket üçin 2023-nji ýylda jogap bermeli bolar. Ýoluňyzda hilegär adamlar bilen duşuşmak hem-de şol sebäpli kazyýet işine baryp ýetmek howpy bardyr.

Täze ýylda seretanlar öz taýyny tapyp, maşgala gurup bilerler. Eger yhlas etseler, maliýe taýdan hem olar ýeterlik derejede üstünlik gazanarlar. Hilegärlikli mahabat tekliplerine gulak asmak maslahat berilmeýär, olar bu tekliplere ynanyp pul ýitirip bilerler.

Esetlere (ýolbarslara) Täze ýylda has zerur bolmasa iş ýerlerini üýtgetmek maslahat berilmeýär. Maşgalada kynçylyklar bolup biler, saglygyňyza has seresap bolmaly bolar. Gozgalmaýan emläk ýaly uly zatlary satyn almagyňyz hem-de telekeçilik taslamalarynyň eýesi bolmagyňyzy mümkindir. Dürli hili resminamalara gol çekilende has seresap bolmagyňyz gerekdir.

Geljek ýylda sünbüle (gyz) ýyldyzynyň astynda doglanlar karz almakda we çykdajylaryny ölçermekde juda seresap bolmaga, şeýle hem «çal» maliýe shemalaryndan we «gara» hasaplardan gaça durmaga çagyrylýar. Emma iş üsti bilen köp syýahat etmäge, şertlerini giňeltmäge mümkinçilik bolar. Umuman aýdylanda, Täze ýyl işde we maşgalada bolup biljek köp sanly üýtgeşmeleri wada berýär (nikalaşmak, çagalaryň dünýä inmegi we ş.m.).

Mizanlara (tereziler) ýylyň birinji ýarymynda syýahatçylyk ýaly özboluşly täzelikler garaşýar, uly we köp sanly meýilleşdirilen söwdalar, aksiýa çärelerinde ýeňiş gazanmak mümkinçiligi ýaly zatlaryň başa barmagy mümkindir. Maliýe sowatlylygyňyzy ýokarlandyrmak üçin bu ýyl netijeli bolar. Bu ýylda mizanlar has bagly we zyýanly zatlaryndan çetde durup, balansy gözegçilikde saklamalydyr.

Täze ýylyň akraplar (içýanlar) üçin üstünlikli bolmagyna garaşylýar. Bu ýylda işiňiz ugruna bolup, edeniňiz ýerine düşer, emma munuň üçin yhlas edip, kyn işlerden baş alyp çykmaly bolarsyňyz. Ýylyň birinji ýarymy öýüňizi abatlaşdyrmak — mebel satyn almak, öý gurşawyny abatlamak üçin has şowly döwür bolar. Soňky wagtlarda ynam bildiren adamlaryňyzdan garaşylmadyk ýagdaýda göwün etmegiňiz mümkindir.

Kowuslar täze peýdaly tanyşlyklara, bilim almak mümkinçiligine garaşýarlar, bu bolsa size soňlugy bilen iş tapmaga ýa-da özbaşdak işiňizi açmaga kömek eder. Ýylyň başynda syýahat ýa-da uzak iş saparlaryny amala aşyrmagyňyz mümkin. Täze ýylda býurokratik meseleler aňsatlyk bilen çözüler, şahsy we maşgala durmuşyndaky üýtgeşmeleriň boljakdygyny hem bellemek gerekdir (toýlar, çagalaryň dünýä inmegi, täze ýere göçmek).

2023-nji ýylda jediler (owlaklar) durmuşlaryny rahatlyk bilen kadalaşdyrmaga — abatlaşdyrmaga, tekjeleriniň içini täzelemäge we işdäki ýüklerini azaltmaga mümkinçilik alarlar. Täze bilimleri öwrenmeli bolar ýa-da köp sanly adamlaryň öňünde çykyş etmeli bolar, emma netijede täze girdeji çeşmeleri peýda bolup biler. Bu ýylda dowamly kesellere gözegçilik etmeli we öz wagtynda lukmana görünmelidir.

Daluwlar geljek ýylda geçmişiň örän täsirli alamatlary bilen ýüzbe-ýüz bolarlar, emma olar oňa uly hyjuw bilen garaşmaly däldir. Täze ýyl döredijilik we täze güýmenjeler, şeýle hem syýahat etmek üçin üstünliklidir. Çagalary edinmekde astrologlar garaşmagy maslahat berýärler. Ýol we ýangyn howpsuzlygy bilen bagly düzgünlere has uly ähmiýet bermek zerurdyr.

2023-nji ýylda hutlar (balyklar) geçmişde çeken zähmetiniň netijelerini gowy we negatiw görnüşde alyp bilerler — geçen ýylda eden hatalary üçin Täze ýylda jeza alyp bilerler. Umuman aýdylanda, geljek ýyl bular üçin maliýe hem-de şahsy mümkinçilikleri üçin şowly bolar, esasy zat zeper ýetirip biljek gurşawdan daşda durmalydyr.

Peýdalanylan çeşmeler: iz.ru; kp.ru 
 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar