Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýramçylyklardan soň organizmi dikeltmegiň netijeli usullary

0
17155

Biziň hemmämiz, täze ýyl agşamynda uly baýramçylyk saçagynda maşgalamyz we dostlarymyz bilen ýygnanyşmak, birek-birege sowgat bermek we baýramçylygy şatlyk bilen geçirmek üçin Täze ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Howa, bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylykdyr, emma şol bir wagtyň özünde onuň biziň organizmiz üçin ýaramaz täsiri hem bardyr. Täze ýyl gijesi baýramçylyk naharlaryndan saklanmak we özüne çekiji tagamlardan gaça durmak mümkin däl diýen ýalydyr. Elbetde datly tagamlar bilen bezelen toý saçagynyň başyna geçeniňden soň bu lezzetlerden ýüz öwürmek hökmany şert däldir. Organizmiň has çalt dikelmegine kömek etmek üçin, ýönekeýje netijeli usullary ulanmak ýeterlikdir.

1-nji maslahat - Ertirlik edinmekden saklanmaly

Ertirlik nahary iň dykyz nahar bolmaly diýen gürrüňleriň tersine, irden bedeni arassalamagyň wagtydyr. Şonuň üçin giç agşamlyk naharyndan soň bedene dynç bermek we ertirlik naharyny edinmezlik maslahat berilýär. Iýmit iýmekden saklanýan wagtyňyz düzüminde dürli görnüşli goşundylary bolmadyk suwy içip bilersiňiz. Indiki nahar iýmegiň wagtyny bolsa 13:00-dan soňa geçirmelidir.

2-nji maslahat – Berhiz saklamaly

Şunuň ýaly günlerde bedenimiz iýmit siňdirmek üçin az mukdarda energiýa sarp edýär. Berhiz edilýän günlerde nahar menýusy dürli-dürli bolup biler. Emma bu günlerde hökmany berjaý edilmeli umumy düzgünler hem bardyr. Berhiz saklanylýan günlerde süýjüleri, hamyrmaýaly çörek-bulka önümlerini, ýagly iýmitleri we gazlandyrylan içgileri saçakdan aýyrmalydyr. Berhiz üçin duzsuz, az ýagly, gök önümli tagamlar, miwe ýa-da kartoşka püresi, şeýle-de dürli görnüşli aşlar (kaşalar) ajaýyp başlangyç bolar.

3-nji maslahat – Zyýanly netijeleriň öňüni almaly

Ýagly naharlardan we dürli iýmit utgaşmalaryndan soň ajama-turşama prosesleriniň öňüni almak üçin günüň başynda we ahyrynda (allergiýa we garşy görkezme bolmadyk ýagdaýynda) 1 çaý çemçesi bal iýmek zerurdyr.

4-nji maslahat – Işjeň bolmaly

Organizmi dikeltmegiň iň netijeli usullarynyň biri – fiziki maşklary ýerine ýetirmekdir. Maşklary sport zalynda tälimçiniň gözegçiligi astynda ýerine ýetirmek maslahat berilýär, çünki aşa işjeňlik ýüregiň işini bozup biler, nädogry ýerine ýetirilen maşklar bolsa oňurga kesellerini güýçlendirip biler.

5-nji maslahat – Aşgarsyzlandyrma

Köp möçberde iýmit kabul edilenden soň, organizmde onuň "aşgarlanmagyna" getirýän fermentler bölünip çykýar. Netijede bagyrda ýygnanan turşulyklar ahyrsoňy saryň gaýnamasyna, aşgazan agyrysyna we beýleki netijelere sebäp bolýar. Bu ýagdaýda, rahatsyzlygy ýeňip geçmegiň iň oňat serişdesi - gök önümlerdir. Günüň dowamynda olaryň sarp ediliş möçberi 20 gramdan geçmelidir.

6-njy maslahat – Organizmi arassalamaly

Birnäçe gün nem emele getirýän iýmitleri iýmäň. Bu sanawa glýutenli ýarma önümleri, keşýu maňyzy we ähli süýt önümleri girýär.  Şol wagtyň içinde ähli çişginlik bedenden we aşgazan-içege ulgamlaryndan aýrylýar we deriniň ýüzi öňki gözelligini dikeldýär. Ýeri gelende aýtsak, bu sellýulitiň öňüni almagyň hem ajaýyp serişdesidir.  

7-nji maslahat – Yzygiderli hammama gatnamaly

Bedeni arassalamagyň we saglygy gowulandyrmagyň netijeli usullaryň biride yzygiderli hammama gatnamak bolup durýar. Yzygiderli suwa düşmegiň netijesinde ähli dokumalar kislorod bilen baýlaşýar, bedeniňiz toksinlerden arassalanýar, muskul ulgamyňyz kadalaşýar we öýkeniňiz işjeňleşýär.

Ýokardaky maslahatlar baýramçylyk oturylyşyklardan soň bedeniňiziň çalt dikelmegine kömek eder. Şol bir wagtyň özündede, umumy maslahatlara garamazdan, organizmiň aýratynlyklaryny we özboluşlygyny hem göz öňünde tutmak, iň gowusy bolsa hünärmenler bilen maslahatlaşmak zerurdyr.

Çeşme: www.starhit.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar