Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kinonyň we animasiýanyň ussatlary Täze ýyla birnäçe gyzykly görkezilişleri taýýarladylar

10:0506.12.2022
0
17113
Kinonyň we animasiýanyň ussatlary Täze ýyla birnäçe gyzykly görkezilişleri taýýarladylar
Surat: tmdb.org

Rus, ýewropa hem-de amerikan kinematografy Täze ýylyň bosagasynda maşgala bolup tomaşa etmek üçin 2022-nji ýylda surata düşürilen çeper hem-de multiplikasion filmleriň birnäçesini teletomaşaçylara hödürleýär. Bu multfilmleriň we filmleriň görkezilişi ýakyn wagtda bolar.

Surat: film.ru

«Iwan Sarewiç we Çal möjek» (Russiýa). Rus halk ertekileriniň meşhur gahrymany we onuň aýaly Wasilisanyň başdan geçirmeleriniň nobatdaky täze tapgyry. Gahrymanlar alyslardaky şalyga gidýärler, şol ýerde hem azaşýarlar we ahyrynda birek-biregi hem-de özlerini tapýarlar.

«Täze oýunjak» (Fransiýa). Bu filmiň režissýory Jeýms Ýut, rollarda bolsa Jamel Debbuz hem-de Daniýel Otoý. Pýer Rişaryň gatnaşmagynda surata düşürilen täsin «Oýunjak» atly komediýanyň täzeden işlenmesidir. Ol millioneriň ogly bilen dükanyň garawulynyň özara dostlugyny beýan edýär.

Surat: ampravda.ru

«Çuk we Gek» (Russiýa). Filmiň režissýory Aleksandr Kott, rollarda Wladimir Wdowiçenkow, Ýuliýa Snigir, Andreý Andreýew, Ýuriý Stepanow. Bu kino ýazyjy Arkadiý Gaýdaryň adybir hekaýasyndaky wakalalara esaslanylyp surata düşürildi. Iki dogan ejeleri bilen uzak ýerlerde işleýän kakalaryny görmek küýsegi bilen onuň ýanyna gitmegi maksat edinýärler.

Surat: film.ru

«Maşa we Aýy kinoda: 12 aý» (Russiýa). Millionlarça çaganyň söýgüsine eýe bolan Maşa bilen onuň dosty Aýy tebigatyň hakyky goragçylary bolan 12 aýy garşy alýarlar.

Surat: in-rating.ru

«Teddiniň başdangeçirmeleri» (Norwegiýa). Filmiň režissýory Andrea Ekerbom, rollarda Marte Klerk-Nilsen, Mariann Hole. Filmiň wakalary gyzjagazyň ýarmarkada janly aýyjyga gabat gelşi barada gidýär. Emma ony bu ýerde başga bir çaga utýar we aýyjyk gyzjagaza dolanyp gelmek üçin uzak syýahata ugraýar.

Surat: film.ru

«Santamen» (ABŞ), multiplikasion film. Filmde sada we hemişe ýagşylyk edip ýören Santa Klausyň hemmeleriň Roždestwo baýramyny bulamak isleýän deýýusa garşy durmak üçin Santamen bolşy beýan edilýär.

«Şelkunçik we jadyly tüýdük», multiplikasion film (Russiýa). Bu film Gofmanyň jadylanan Şazada-Şelkunçik hem-de Syçan patyşa baradaky ertekisiniň esasynda surata düşürilen. Esasy zenan Maşa dostlary bilen syçanlaryň hökümdarlyk edýän jadyly şalygyna düşýärler.

Çeşmeler: kinopoisk.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň