Soňky habarlar

Arhiw

Amerikan kontinentlerinde Täze ýyl arzuwlary

10:0314.12.2022
0
18554

Täze ýyl — ýagşy niýetleriň ýürege beslenilýän pursatlary-da golaýlap gelýär. Eger geljek ýyla gadam basylýan ajaýyp sepgitde nähili arzuwlary kalba düwjekdigiňizi mälim etmedik bolsaňyz şunuň ýaly usullara salgylanyp bilersiňiz. Bu gezek Siziň dykgatyňyza Demirgazyk hem-de Günorta Amerikanyň ýaşaýjylary tarapyndan ulanylýan usullar ýetirilýär.

ABŞ-da, has takygy Nýu-Ýorkuň ýaşaýjylary we myhmanlary bu gijede gar düşmesi mysaly ýagýan «arzuwlaryň» astynda jadyly pursatlara şaýat bolýarlar. Taýms-Skwerde her ýylda «Wishfetti» çäresi guralýar (arzuwlardan konfetti). Bu meýdança ýygnanyşan adamlaryň wagty tersligine sanamagy bilen, Täze ýyla gadam basylýan pursatlary Wan-Taýms-Skwer binasynyň flagştogundan 23 metr beýiklikden arzuwlar ýazylan müňlerçe kagyzjyklar ýagdyrylýar. Ol kagyzjyklarda diňe bir Amerikanyň ýaşaýjylarynyň däl-de, eýsem bütin Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinden iberilen arzuwlar jemlenýär. Munuň üçin bolsa isleg bildirýänler #ConfettiWish belligi bilen çäräniň resmi saýtyna arzuwlaryny ibermelidir.
Kanadalylar geljek ýylyň rysgal-bereketini sowuk suwa düşmek bilen çagyrýarlar.

Latyn Amerikasynyň köp ýurtlarynda, edil Ispaniýada bolşy ýaly, Täze ýyl ýarygijesinde her gezek sagat jaňynyň sesi eşidilende bir däne üzüm iýmek däbi bar. Adamlar her Täze ýyla geçilýän gijede üzüm däneleriniň 12-sini iýýärler.

Braziliýalylar üçin Täze ýyl — jokrama baýramçylyklaryň biri, sebäbi bu Günorta Amerika ýurdunda dekabr aýy tomus paslyna düşýär. Täze ýyl baýramçylygynda Rio de Žaneýronyň esasy Kopakabana kenaryna üç milliona golaý adam ýygnanýar. Kenarýaka ýerleşýän Braziliýanyň sebitlerinde şem, gül we dürli hili sowgatlar bilen bezäp gaýyklary suwa goýbermek däp bolup durýar. Eger gämi suwa çümse, onda isleg-arzuwlar hasyl bolýarmyş.

Peruwda baýramçylygyň öň ýanynda köçelerde däp-dessura öwrülen söweşler geçirilýär. Ýerli ýaşaýjylar bu söweşlerde mazaly ýenjilen ýagdaýynda täze ýylda olary ykbalyň jezalandyrylmajakdygyna ynanýarlar. Eger haýsydyr bir peruwly syýahat etmek barada arzuw edýän bolsa, onda ol boş çemodan bilen ýöremeli. Täze ýylda öz söýgüli ýigidine duşmak isleýän gyzlar baýramçylykda agajyň çybyklaryny dakynyp gezýärler, eger ýaş ýigitleriň biri olaryň saçyndaky çybyklary alsa, onda olar birek-birege mynasyp hasap edilýär.

Ýewropada we GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuwlar edilýändigini bilmek isleýärsiňizmi?

Peýdalanylan çeşmeler: gp.by; my-calend.ru; food.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň