Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi, aşgabatly konditer «Pýatnisa!» teleýaýlymyndaky gepleşige gatnaşdy, Özbegistanyň çäginde «Türkmenistan» türkmen döwlet teleýaýlymy elýeterli boldy we beýleki habarlar

10:5515.12.2022
0
29883

1. 14-nji dekabrda Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow pudagyň hünärmenlerini gutlady. Nebitgaz senagatyny ösdürmek Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugry bolmagynda galýar. «Geljekde hem nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň işgärleriniň öňde goýlan ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

2. «Pýatnisa!» teleýaýlymynda Renat Agzamowyň alypbarmagynda «Süýjülikleriň şasy» («Король десертов») atly gepleşik dowam edýär, oňa gatnaşyjylar bir million rubl ugrunda bäsleşýärler. Gepleşigiň şokolada bagyşlanan täze sanyna aşgabatly konditer Bäşim Soltanow gatnaşdy. Bäşim Soltanow ussat konditer we suratkeşdir, ol hakyka örän meňzeş we haýran galdyryjy tortlary taýýarlaýar. «Men Türkmenistanda hem zehinli adamlaryň köpdügini görkezmek üçin gepleşige geldim» – diýip, Soltanow gürrüň berdi.

3. Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda birinji üçtaraplaýyn sammit geçirildi. Taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa pudaklaryna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi, şeýle hem resminamalaryň 5-sine gol çekildi.

4. Aşgabatdaky Fransuz instituty Täze ýyl mynasybetli bezeg we amaly haşam sungatynyň önümleriniň ýarmarkasyna çagyrýar. Bu ýerde elde ýasalan dürli görnüşli Täze ýyl bezegleri we esbaplary hödürlener. Çäre 18-nji dekabrda geçiriler, ýarmarka sagat 12:00-dan 18:00 çenli açyk bolar, ýarmarkanyň geçiriljek salgysy: Aşgabat, A.Garryýew köçesi, 69-njy jaý.

5. Türkmen döwlet teleýaýlymy «Türkmenistan» Özbegistanyň çägindäki 192 sany jemgyýetçilik teleýaýlymlarynyň sanawyna girizildi. Täzelenen sanawa girizilen teleýaýlymlar tölegli teleýaýlym operatorlarynyň we üpjün edijileriniň (prowaýderleriniň) torlarynda elýeterlidir. «Türkmenistan» teleýaýlymy ýedi dürli dilde ýaýlyma berilýär: türkmen, rus, iňlis, fransuz, hytaý, arap we pars dilleri. Telekompaniýanyň baş edarasy Aşgabatda ýerleşýär.

6. Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 24-nji dekabrda geçiriljek «Täze başlaýanlar üçin ýoga» seminaryna gatnaşmaga çagyrýar. Bu seminara Hindistandan ýoga hünärmeni ýolbaşçylyk eder. Çäre Aşgabatdaky «Bagtyýarlyk» sport toplumynyň çäginde ýerleşýän Ýoga we adaty lukmançylyk merkezinde geçiriler.

7. Täze Zelandiýanyň Parlamenti 14 ýaşa ýetmedik şahslara temmäki önümlerini satmagy gadagan edýän kanun kabul etdi. Täze kanunyň maksady 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden dolulygyna arassalamakdyr. Mundan başga-da, kanun temmäki önümlerinde iň ýokary rugsat berilýän nikotiniň mukdaryny azaltmagy, şeýle hem temmäki satylýan söwda nokatlarynyň azalmagyny göz öňünde tutýar – 2023-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda olaryň diňe 600 sanysyny galdrymak meýilleşdirilýär.

8. Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäklerinde Sankt-Peterburgda ýerleşýän meýdança şahyryň ady dakylar, bu meýdança Russiýanyň medeni paýtagtynyň Kalininskiý etrabynda ýerleşýär. «Rasul Gamzatowyň milli medeniýetine goşan goşandyny göz öňünde tutup, işleri iň ýokary derejede guramak, bu baýramçylygy diňe Dagystan üçin däl, eýsem, tutuş Russiýa üçin möhüm waka öwürmek – biziň umumy wezipämizdir» – diýip, Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Tatýana Golikowa Rasul Gamzatowyň doglan gününiň 100 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk toparynyň işiniň dowamynda belläp geçdi.

9. Ussat tennisçiler assosiasiýasy her ýylda geçirilýän ses berişligiň netijelerini mälim edip başlady. 22 gezek «Uly tuwulga» bäsleşiginiň çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy (tennisçisi) ispaniýaly Rafael Nadal karýerasynda ilkinji gezek tennis muşdaklarynyň arasynda iň halanýan oýunçy boldy. 20 gezek «Uly tuwulga» bäsleşiginiň çempiony şweýsariýaly Rojer Federeriň öňki 19 gezek hem bu baýragyň eýesi bolandygyny bellemek gerek.

10. Türkmenistanyň çempionatynyň 23-nji tapgyrynyň doly oýnalmadyk oýnunda «Ahal» toparynyň 3:0 hasabynda «Altyn asyrdan» üstün çykandygy yglan edildi diýip, Türkmenistan Futbol federasiýasynyň saýty habar berýär. Oýunyň esasy emini Akmyrat Gurbanow birinji ýarymdan soň oýny togtatdy. «Ahalyň» düzüminden pökgüleri Didar Durdyýew, Şanazar Tirkişow we Rahman Myratberdýew tora girizdi. Ýatlatsak, Türkmenistanyň çempionatynyň 25-nji tapgyr duşuşygynda «Ahal» myhmançylykda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyndan 4:2 hasabynda üstün çykyp, möhletinden öň ýurduň çempiony boldy.

11. Katarda geçirilýän Dünýä çempionatynyň ýarymfinalynda Fransiýanyň ýygyndysynyň futbolçylary Marokkonyň toparyny 2-0 hasabynda ýeňdiler. Fransuz topary yzly-yzyna ikinji Dünýä çempionatynda finala çykdy we kubok üçin Argentinanyň topary bilen bäsleşer. Dünýä çempionatynyň jemleýji duşuşygy 18-nji dekabrda geçiriler, duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň