Şu gün Türkmenistanda nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärleriniň güni bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu pudaklaryň işgärlerini her ýyl ýurtda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýän baýramçylyk mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti öz gutlagynda nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ýurdy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ugrudygyny belleýär.
— «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar — diýlip, gutlagda aýdylýar. Ýurtda nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berilýändigi, şu nukdaýnazardan, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleriň täze görnüşlerini öndürmegiň esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendigi nygtalýar.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň baýramçylyk gutlagynda nebite we gaza baý täze, önümli ýataklary ýüze çykarmak boýunça gözleg-agtaryş işleriniň geçirilmegine, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna çykarmagyň dürli ugurlarynyň döredilmegine, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigi aýdylýar.
— Geljekde hem nebitgaz senagatynyň we geologiýa pudagynyň işgärleriniň öňde goýlan ähli wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine berk ynanýaryn —diýip, döwlet Baştutany öz gutlagynda belleýär.
Gutlagyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitçilerine, gazçylaryna we geologlaryna jan saglygyny, abadan we bagtyýar durmuş, nebitgaz senagatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.