Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýa Marokkony ýeňip, dünýä çempionatynda bassyr ikinji gezek finala çykdy

07:0015.12.2022
0
24794

Fransiýanyň ýygyndysy DÇ-2022-niň ýarym finalynda Marokkony 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň finalyna çykdy.

Fransiýa Teo Ernandeziň 5-nji minutdaky goly bilen hasapda öňe çykdy. 79-njy minutda Randal Kolo-Muaniniň derwezä ýollan dürs urgusy bolsa hasapdaky aratapawudy artdyrdy. Şeýlelikde, Fransiýa 2:0 hasabynda oýny öz peýdasyna tamamlady.

Ýeri gelende bellesek, Fransiýa bassyr ikinji gezek futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalyna çykdy. Didýe Deşamyň şägirtleri baş baýrak üçin geçjek aýgytlaýjy oýunda Argentina garşy meýdança çykarlar. Final oýny 18-nji dekabrda «Lusail Aýkonik» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Marokkonyň ýygyndysy bolsa üçünji orun üçin oýunda Horwatiýa bilen oýnar. Bürünç medal üçin boljak duşuşyk 17-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Türkmenistanyň çäginde futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkindigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň